Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň paýtagtynda halkara kino festiwaly açyldy


Penşenbe güni Orsýetiň paýtagty Moskwada 35-nji halkara kinofestiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre Moskwanyň Puşkin meýdançasyndaky “Rossiýa” kino teatrynda gurnaldy.

Bu ýyl Moskwanyň halkara kino festiwaly Golliwud tarapyndan döredilen “Z dünýäleriniň urşy” atly fantastika filmi bilen açyldy. Bu filmde baş roly Bred Pitt oýnaýar.

10 gün dowam etjek bu kino festiwalynyň dowamynda 364 film görkeziler, ýöne festiwalyň esasy bäsleşigi 16 sany filmiň arasynda bolar diýlip garaşylýar.

Filmlere baha berjek emin agzalarynyň toparyna orsýetli akter Sergeý Garmaş, şweýsariýaly režissýor Ursula Maýer we koreýaly kino režissýory Kim Ton Ho dagylar girýär. Topara eýranly režissýor Mohsen Mahmalbaf ýolbaşçylyk edýär.
XS
SM
MD
LG