Sepleriň elýeterliligi

Moldowanyň kelisesi täze kanuna garşy


Anna güni Moldowanyň prawoslaw kelisesi gomoseksualistler barada häkimiýetleriň ýöredýän syýasatyna protest bildirip, hökümet resmilerine kelisäniň dini-priçastiýe ybadatyna gatnaşmaklygy gadagan edýändigini yglan etdi.

Bu barada anna güni prawoslaw kelisesiniň liderleriniň paýtagt Kişenewde geçiren maslahatynyň yzýany ýaýradylan beýanatda bellenilipdir.

Bu beýanatda Moldowanyň prawoslaw kelisesi gomoseksualistleri, biseksualistleri we trans-genderleri goraýjy düzgünler ýatyrylyp, bu baradaky kanuna üýtgetmeler girizilmese, özüniň tutuş ýurt boýunça protest demonstrasiýalaryna çagyryş etmeginiň mümkindigi bilen duýduryş beripdir.
XS
SM
MD
LG