Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Nigeriýaly futbolçylaryň güzaplary


Duşenbede ýaşaýan Nigeriýanyň raýaty Dennis Tahgbok (ortada). 2013 ý.

Duşenbede ýaşaýan Nigeriýanyň raýaty Dennis Tahgbok (ortada). 2013 ý.

Jinaid Nigeriýadaky öýüni terk edip, Täjigistana barýan mahaly, professional futbolçy hökmünde öz hünärini ösdürerin diýip umyt edipdi.

Emma ýaş futbolçynyň isleg-arzuwlary hakykat ýüzünde onçakly öz beýanyny tapmady. Öz arzuwynyň hasyl bolmagy üçin ençeme ýüz dollary harçlan Jinaid, edil häzirki wagtda pulsuz, öý-öwzarsyz Duşenbäniň wokzalynda otyr.

Jinaid: “Häzir meniň elimden hiç zat gelenok. Men aç. Meniň wizamyň möhleti gutardy. Hiç zat hem edip bolanok” diýýär.

Soňky üç ýylyň dowamynda Jinaid ýaly azyndan 10-a golaý nigeriýaly Täjigistana gelip, ýerli klublaryň düzüminde oýnap, belli bir derejede aram durmuşy ýöretmekçi bolupdy.

Olaryň käbirleri täjik futbol komandalarynda-da oýnadylar. Emma nigeriýaly futbolçylaryň belleýşi ýaly, ýagdaýlar olaryň garaşanyndan telim esse pes bolup çykypdyr.

Araçy

Nigeriýalylar Duşenbede ýaşaýan bir owgan raýatyny suda çekip, ony ýalan wadalary söz berip, araçyl bolup hereket etmekde aýypladylar. Şeýle-de Hamidullah Abdulmannon nigeriýaly ýaşlary Täjigistanyň ýokary okuw jaýlaryna salmak boýunça ýalan ähtleri edenlikde aýyplanýar.

Hamidullah Abdulmannon

Hamidullah Abdulmannon

Jinaidiň sözlerine görä, onuň bilen birlikde Täjigistana ýene-de üç nigeriýaly gelipdir. Jinaid bu hakda şeýle gürrüň berýär: “Abdulmannon meniň Nigeriýadaky tälimçime Täjigistana gowy oýunçylaryň gerekdigini aýtdy. Mundan soň, tälimçimiz biz bilen habarlaşyp, gowy teklibiň bardygyny aýtdy. Biz tälimçimize pul berdik. Edil meniň özüm 700$ dollar berdim”.

Jinaid Täjigistana gelenden soň hem, Abdulmannonyň “uniwersitet üçin” diýen bahana bilen özüne 1500 dollar töledendigini aýdýar: “Bu zatlary eşidip, men enem-atama jaň etdim. Men bu ýere futbolçy däl-de, student hökmünde çagyrylandygymy aýtdym. Olar bizden 1500 dollar isledi. Öýümdäkiler hem Hamidullaha şol pullary ýollady”.

Jinaid özleriniň "Zarafşon" Penjikent futbol toparyna oýunçy hökmünde alnandygyny aýdýar. Onuň sözlerinden çen tutulsa, nigeriýaly oýunçylar bilen dört aýlyk şertnama baglaşylyp, olara aýlyk töleg, ýaşamak üçin ýer we beýleki mümkinçilikler söz berlipdir.

Arza

Emma futbol toparynda oýnalan bäş aýyň dowamynda nigeriýalylara hiç hili pul tölenmändir. Mundan soň olar Täjigistanyň Futbol federasiýasyna şikaýat edipdirler.

Jinaid: “Federasiýa biziň oýnaýan toparymyzyň başlygyna hat ýazdy. Olar ‘bolýar, size pul tölener’ diýdiler. Emma berilmeli 3200 dollaryň ýerine olar her oýunça 300 dollar aýlyk tölediler”.

Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmisi Nurali Korkaşew geçen ýyl nigeriýaly futbolçylardan şikaýat gelip gowşandygyny tassyklady. Korkaşew "Zarafşon" Penjikent futbol komandasyna oýunçylara eden bergilerini üzmek barada hökümiň çykarylandygyny aýtdy.

"Zarafşon" Penjikent toparynyň baş tälimçisi Jamşed Bahronow nigeriýaly oýunçylara ähli tölegleriň edilendigini aýdýar.

Araçylyk etmekde aýyplanýan Abdulmannon geçen aý tussag edilipdi. Emma Owganystanyň Duşenbedäki ilçihanasy Abdulmannonyň şäheri terk etmejigine kepil geçensoň, çarşenbe güni (19-njy iýunda) ol azatlyga goýberilipdir.

Awisenna adyndaky Täjigistanyň döwlet medisina uniwersitetiniň talyby Abdulmannon özüne ýöňkelýän aýyplamalary inkär edýär. Ol: “Men asly nigeriýaly bir adamy tanaýan. Onuň ady Kaliz. Ol meniň iňlis dili mugallymymdy. Men bu nigeriýalylary şol Kaliziň öýünde görüpdim. Kaliz meni olar bilen tanyşdyrdy. Olaryň ählisi bir ýurtdan, men hem başga bir ýurtdan. Olaryň wizasynyň möhleti gutarypdy. Olar birini günäkärläp, goh turuzsalar, täjik hökümetiniň olaryň wizasyny uzaltjakdygyny bilýän bolmaly” diýýär.

Bu aralykda Jinaid Duşenbäniň wokzalynda oturyp, geljege näumytlyk bilen garaýar.
XS
SM
MD
LG