Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Telewizor adam hukugymy?


 Wano Merabişwili "Wanonyň şowunda".
Wano Merabişwili "Wanonyň şowunda".
Gürjüstanyň tussag edilen ozalky premýer-ministri Wano Merabişwili şu hepde gysga wagtlyk açlyk yglan edip, beýleki zatlar bilen bir hatarda, türme resmileriniň öz kamerasynda telewizor goýmaklaryny hem gazandy.

Ol wezipesinden bikanun peýdalanandygy üçin sud edilmegine garaşýar. Onuň telewizor talabynyň biraz ýeňles görünmegi hem mümkin. Emma telewizor elýeterliliginiň esasy adam hukugy hökmünde talap edilişi birinji gezek däl.

Wano Merabişwili Gürjüstanyň iň bir edenli syýasatçylarynyň biri bolan ýyllarynda ýygy-ýygydan telegepleşiklerde peýda bolup, özüniň gülkünç, özüne çekiji taraplaryny hem görkezip bilipdi.

"Telefonda arkaýyn gürläp bilersiňiz"

Muňa onuň Wano Jawahişwiliniň gijelerine berilýän "Wanonyň şowy" programmasynda eden ýeser öwrümlerini mysal getirmek bolar. Merabişwili öz premýer-ministrligini basdaşy Bidzina Iwanişwilä bermeli bolanyndan soň, hatda öz adminstrasiýasyna bildirilen telefon diňlemek aýyplamasyny hem ýaňsa alyp bilipdi:

Merabişwili: Bu täze hökümet telefon gürrüňlerini diňlemeklige ýol bermez. Onsoň siz indi telefonda islän zadyňyzy aýdyp bilersiňiz. Siz ozal telefonda näme gürrüň eden bolsaňyz, ýene-de şo bolşuňyzy dowam edip bilersiňiz.
Wano: Onda men arkaýyn gürläp bilýän-dä?
Wano: Onda men ozal näme gürrüň eden bolsam, ýene şonuň ýaly arkaýyn gürläp bilýän-dä?
Merabişwili: Howa, biz siziň ozal aýdan zatlaryňyzy bireýýäm öçürdik.

Telewizor üçin açlyk

Merabişwili häzir tussaglykda we prezident Mihail Saakaşwiliniň döwründe wezipesinden bikanun peýdalanandygy baradaky aýyplamalar esasynda sud edilmegine garaşýar. Ol şu hepde kamerasynda telewizor goýulmagy üçin iki günläp aç oturdy.

Türme resmileri 19-njy iýunda ozal heder edilen içeri işler ministri we Saakaşwiliniň Birleşen milli hereket partiýasynyň baş sekertary bolan Merabişwiliniň açlygyny bes edendigini aýtdylar. Ol ýakyn günlerde kamerasynda telewizor goýuljagy aýdylansoň, açylygyny bes etmäge razy bolupdyr.

Türme-düzediş işleri boýunça ministr Sozar Subari häkimiýetleriň indi Tbilisiniň Matrosow türmesinde telewizor oturtmak meselesini çözmelidiklerini, häzire çenli ol ýerde telewizoryň bolmandygyny aýtdy:

"Onuň media elýeterliligi bar. Ol habarlary okap bilýär. Telewizor barada aýdylanda bolsa, men türme adminstrasiýasyna aýtdym, ol şu gün ýa ertir telewizorly bolar. Munuň anyk haçan boljagy türme adminstrasiýasyna bagly."

Mundanam başga, türme-düzediş häkimiýetleri Merabişwiliniň beýleki birnäçe talabyna, şol sanda maşgala agzalaryna onuň bank hasaplaryny dolandyrmak hukugyny bermäge razy bolana çalym edýär.

Mawy ekranyň ähmiýeti

Emma geçen aýyň aýagynda tussag edilen Merabişwiliniň we onuň tarapdarlarynyň nukdaý nazarlaryndan, bu ýerde esasy möhüm mesele kiçijik mawy ekran zerurlygynyň çözülmegi bolup görünýär.
Ors tussaglary Krasnoýarsk türmesinde telewizor görýärler. 14-nji maý, 2013.
Ors tussaglary Krasnoýarsk türmesinde telewizor görýärler. 14-nji maý, 2013.

Ýewropa parlamentiniň polşaly agzasy Krzysztof Lisek iýunyň başynda Merabişwiliniň ýanyna baryp göreninden soň, onuň kamerasynda telewizoryň bolmazlygyny, bu ýagdaýyň Merabişwilini habarlardan kesýändigini tankyt etdi.

Türme resmileri şol wagt Merabişwiliniň gazetleri alýandygyny we “adaty tussag” bolup, telewizor ýaly ýörite artykmaçlyklara hukugynyň ýodugyny, ýagny onuň syýasy telegepleşiklerden başlap, latyn kinolaryny, «Sopranolar» ýaly günbatar seriallaryny görmeginiň hökman däldigini aýtdylar.

Emma muňa garamazdan, Gürjüstanyň adalat ministri Tea Sulukiani, eger özüni tussaglykda gowy alyp barsa, “ruhy goldaw” hökmünde, Merabişwilä telewizor we radio berip boljakdygyny aýtdy.

"Minimal standartlar"

Birleşen milletler guramasy tussaglara çemeleşmekde "minimal standart" düzgünleriň saklanylmagyny, şol sanda olaryň kitaplara we gazet-žurnallar, simsiz geçirijiler arkaly "möhüm" täzeliklere elýeterliliginiň bolmagyny maslahat berýär. Emma 1955-nji ýylda çap edilen düzgünnamada telewizor barada anyk zat aýdylmandyr.

Ýöne Ýewropanyň Adam hukuklary sudunyň çykaran kararlarynyň azyndan birinde telewizor elýeterliligi ýönekeý raýatlaryň hukugy diýlip görkezilýär.

Strasburg sudy 2011-nji ýylda emigrantlar we diaspora jemgyýetleri üçin satalit antennalary örän wajyp, sebäbi olaryň öz ýurtlarynyň telegepleşiklerine tomaşa edip, öz dinlerine uýmak hukugy bar diýipdi.
XS
SM
MD
LG