Sepleriň elýeterliligi

Peşawar: Partlamada azyndan 14 adam öldi


Anna güni Pakistanyň polisiýasy Peşawar şäheriniň etegindäki bir şaýy metjidinde janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda azyndan 14 adamyň ölüp, 30 töweregi adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Gözli şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, näbelli hüjümçi biline daňylgy minany partlatmazyndan ozal metjidiň daşyndaky goragçylara garşy ok atyp, metjide giripdir we partlama amala aşyrypdyr. Partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

Geçen hepde Pakistanyň Kuetta şäherinde ýerli şaýy musulmanlaryny nyşana alyp amala aşyrylan bi birnäçe hüjümiň jogapkärçiligini “Laşkari Jhangwi” atly sünni ekstremistik topary öz üstüne alypdy.
XS
SM
MD
LG