Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Germaniýany tankyt etdi


Anna güni Türkiýäniň hökümeti Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza bolmagy baradaky mesele boýunça nobatdaky diňlenişige Germaniýanyň böwet bolmagyny tankytlady.

Hususan-da, Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigi bilen bagly işler boýunça ministri Egemon Bagys Germaniýanyň kansleri Angele Merkeli sentýabrdaky saýlawlaryň öňýanynda Türkiýäniň agzalygy bilen baglanyşykly meseläni “syýasy bähbitli material” hökmünde ulanýanlykda aýyplady.

Ýewropa Bileleşigi Türkiýäniň agzalyk meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkiýäniň resmileri bilen duşuşmaklygy planlaşdyrýardy. Ýöne Bileleşigiň diplomatlary penşenbe güni bu baradaky gepleşikleriň indiki tapgyryna Germaniýanyň garşy çykyp, muny doňdurandygyny aýdýarlar.

Ýakynda Germaniýanyň hökümeti Türkiýäniň häkimiýetleriniň bu ýurtdaky demonstrasiýalary basyp ýatyrmak boýunça gören çärelerini tankyt etdi.
XS
SM
MD
LG