Sepleriň elýeterliligi

Olimpiýa şäherçesi "Mire" howp salýar


Olimpiýa desgalarynyň golaýyndaky jaýlar. Parahat-2 mikroraýony, Aşgabat. 21-nji iýun, 2013 ý.

Olimpiýa desgalarynyň golaýyndaky jaýlar. Parahat-2 mikroraýony, Aşgabat. 21-nji iýun, 2013 ý.

Häzirki wagtda Aşgabadyň Parahat-1 we Parahat-2 mikroraýonlarynyň ýaşaýjylaryny alada goýýan bir mesele bar. Ol hem müňlerçe maşgalany öz içine alýan şol raýonda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarynyň ýykyljakdygy baradaky myş-myşlardan ybarat.

Taslama

Bu jaýlaryň ykbaly barada takyk resmi maglumat ýok. Emma, aýdylyşyna görä, bu myş-myşlar gözbaşyny, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylyň awgust aýynyň ikinji hepdesinde eden şu çykyşyndan alýar:


Prezidentiň sözlerinden çen tutulsa, bu taslamanyň birinji tapgyry üçin 2 milliard dollar serişde göýberilýär. Aşgabatda ýerleşýän bu uly proýektiň deslapky görnüşine sosial ulgamlarda goýlan wideoýazgydan hem göz ýetirse bolýar.

Ullakan meýdany öz içine alýan bu proýektiň merkezinde durky täzelenjek Olimpiýa stadiony, onuň töwereginde bolsa dürli sport kompleksleri we sport komplesklerini ýörite otly gatnawy bilen baglanyşdyrýan Olimpiýa şäherçesi ýerleşýär.

Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylary ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmäge niýetlenen bu şäherçe 12 müň adamyň ýaşamagy göz öňünde tutulyp gurulýar. Ýaşaýyş jaýlaryndan başga-da kompleksde uly myhmanhananyň hem gurluşygy göz öňünde tutulypdyr.

"Mir 1 we Mir 2"

Ynha, häzirki myş-myşlaryň özeninde ýatan mesele hem şu şäherçäniň ýerleşýän ýeri bilen bagly. Sebäbi Olimpiýa şäherçesiniň deslapky kartasyna görä, täze şäherçäniň gurulmaly ýeri, öňki ady bilen aýdylanda Mir-1 we Mir-2 mikroraýonlarynyň ýerleşýän ýerleriniň golaýynda bolup çykýar.

Wideo: Göz öňünde tutulýan olimpiýa şäherçesiniň proýekti



Bu ýagdaý hem şol ýerdäki jaýlaryň ýykyljakdygy baradaky gürrüňleriň döremegine, agzalýan ýaryşlaryň geçirilmeli güni ýakynlaşdygyça, bu gürrüňleriň möwjemegine sebäp bolýar.

Hökümet bu maglumatlary resmi taýdan ne inkar edýär, ne-de tassyklaýar. Emma Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjylaryndan biriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, oňa ýerli häkimligiň bir işgäri agzalýan jaýlaryň ýykyljakdygyny tassyklap, ýöne bu çäräniň haçan amala aşyryljagy barada takyk maglumat bermändir.

Prezidentiň sözlerinden çen tutulsa, bu kompleks we oňa degişli binalar 2017-nji ýyldan öň tamamlanyp, ulanyşyga berilmeli. Bu ýagdaýy hem jaýlaryň ýykylyşynyň ýakyn wagtlarda başlamagy mümkin diýen howsalanyň döremegine sebäp bolýar.

Parahat mikroraýonynyň adynyň agzalmagyny islemedik bir ýaşaýjysynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu myş-myşlar sebäpli ol satuwa goýan jaýyna hyrydar tapyp bilmeýär. Şeýle aladaly döwri başdan geçirýänleriň hataryna paýtagtyň 6-njy, 9-njy mikroraýonlarynyň ýaşaýjylary hem girýär.

Ýeri gelende aýtsak, halk arasynda Parahat-2 mikroraýonynyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň käbirleriniň ýykyljakdygy baradaky gürrüňler üç ýyl mundan ozal hem bardy. Bu hili gürrüňler Olimpiýa şäherjiginiň proýektine badalga berilmeginiň öň ýany döräpdi.

Şol wagt, Hudaýbrdiýew we Türkmenbaşy prospektleriniň çatrygyndaky köpgatly ýaşaýyş jaýlary ýykylanda, bu çäräniň Türkmenbaşy prospektiniň ugry boýunça günorta tarapa gitjekdigi barada gürrüňler peýda bolupdy.

Resmilerden habar ýok

Adat bolşy ýaly, bu hili gürrüňler çykanda resmiler ilata şol gürrüňleri ret edýän ýa-da tassyklaýan beýanat bilen habar serişdeleri arkaly habar bermeýärler. Bu ýagdaý myş-myşlaryň dörän häzirki pursatyna hem mahsus.

Halk arasyndaky gürrüňlerden çen tutulsa, jaýlary ýykylaýan halatynda, olaryň alternatiw ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilip-edilmejegi barada hem takyk maglumat ýok. Emma şol bir wagtyň özünde ýumruljak diýilýän şol mikroraýonlaryň ýaşaýjylarynyň ýaňy-ýakynda paýtagtyň düzümine geçirilen Abadan şäherine we Ruhabat etrabyna göçüriljekdigi barada hem gürrüňler bar.

Bu we beýleki şuňa meňzeş gürrüňleriň näderejede hakykata laýykdygyny resmilerden anyklamak başartmady. Köpetdag etrap häkimliginiň wezipeli işgäri bu barada Azatlyk Radiosyna maglumat bermekden boýun gaçyrdy.

Şol bir wagtyň özünde-de ýykyljakdygy aýdylýan bu mikroraýonlarda ýaşaýan müňlerçe hojalyklar indi ep-esli wagt bäri aladaly ýagdaýda ýaşaýarlar.

Halk arasynda bu gürrüňler dowam edýärkä, hökümet 2017-nji ýylda geçiriljek olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk işlerini uly depginde alyp barýar. Iňlis dilinde kommentirlenip Youtube ýaly sosial ulgamlarda ýerleşdirilen bu ýazgy hem şol taýýarlyga degişli bolmaly.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG