Sepleriň elýeterliligi

Gunduz: Azyndan18 söweşiji öldürildi


Owganystanyň Gunduz welaýatynyň resmileri şenbe güni bu welaýatda howpsuzlyk güýçleriniň talyban söweşijilerinden azyndan 18-sini öldürendiklerini mälim etdiler.

Gunduz welaýatynyň polisiýa edarasynyň metbugat sekretary Saýid Sarwar Husseýni Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu wakada welaýatyň Kalae Zal etrabyndaky barlag punktuna talyban söweşijileriniň hüjüm edendiklerini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, bu çaknyşykda talybanlaryň uly ýitgi çekendiklerine garamazdan, ýerli polisiýa edarasynyň başlygy we ýene bir polisiýa işgäri-de ölüpdir.

Saýid Sarwar Husseýni öldürilen talyban söweşijileriniň arasynda birnäçe daşary ýurtly söweşijileriň-de bardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG