Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Boş çykan kim?


Jawad al-Sa'dyň çeken karikaturasy.
Jawad al-Sa'dyň çeken karikaturasy.
Özüňden goşýarmyň ýa-da...

Sowet Soýuzynyň Gahrymany, taryh ylymlarynyň doktory Pena Rejebow bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti, ussat gyjakçy Garýagdy Alyýewiň howlusy Aşgabadyň Nagornaýa köçesinde duldegşir goňşydy. Ikisi ýegre dostdy.

Garýagdy Aly her hepdäniň şenbe, ýekşenbe günleri howlusynyň aýagujyndaky ussahanada özi ýaly ussat gyjakçy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Saparguly Işangulyýew bilen dutar-gyjak ýasaýardy. Pena aga-da olaryň ýanyna barardy. Üçüsi birek-birege henek atyp degişýärdi. Gülküleri ala owarradan eşidilýärdi.

Bir gezek hepdäniň şenbe güni Pena aga eline “Edebiýat we sungat” gazetini alyp ussahana bardy. Saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soňra elindäki gazeti görkezip:

- Ussalar, düýnki “Edebiýat we sungatda” halypaňyz Magtymguly Garly hakda Beki Seýtegiň uly makalasy berlipdir. Ony size okap bereýin. Hem işlärsiňiz, hemem halypaňyz hakyndaky makalany diňlärsiňiz -diýip, bir çetde duran kresloda jaýlaşyp, makalany okamaga başlady.

Pena aga uruşda alan kontuziýasy (psihiki şikes) sebäpli “K, G, S” harplary sözüň başynda gelse, ony birbada aýdyp bilmän sakawlaýardy. “K-k-karar”, “G-g-garaňky”, “S-s-soňra” görnüşinde özüne zor salyp, kynlyk bilen aýdýardy. Ol Magtymguly Garly hakyndaky makalany doly okady. Gülmäne bahana tapylsa duşundan geçirmeýän Garýagdy Aly:

- Pena jan, sagbol! Diňläp hezil etdik. Ýöne sen aýt, käbir sözüň öňüne goşýan kkk, ggg, sss harplaryň gazetde-de barmy ýa-da özüňden goşýarmyň? -diyip, gülmän-ýyryşman sowal berdi. Pena aga “G-G-Gadyr bilmez doňuz” diýip sögündi. Soňra gülüp başlady. Onuň gülküsine iki ussat gyjakçy-da goşuldy.

Öz iliňde diňlenmeseň...

Meniň bagşy agam Tuwakmyrat Bugaýew dogduk depämiz bolan Balkan welaýatynyň Gazanjyk (häzirki Bereket) şäherinde ýaşaýardy. Bir gezek gazanjykly bagşylar, Türkmenistanyň halk bagşylary Aşyrmämmet Dawudow, Molla Çäkliýew, Saryhan Sapaýew dagy onuň öýünde meýlis gurap oturan wagty nätanyş ýigit gapydan salam berip girdi. Soňra-da:

- Tuwakmyrat aga haýsyňyz bolýaňyz? -diýip sorady. Agam “Men” diýip tanyşlyk berenden soňra ol ýigit:

- Men Kakadan geldim. Ýene-de on bäş günden aga mogul öýerip, toý tutýar. Tuwakmyrat aga, size şol toýa çagyrýarlar, aýdym aýdyp bermegiňizi haýyş edýärler. Agam-da, obaň ýaşulylary-da “Hökman gelsin, şol toýdan üç gün soňra Tahyrow kolhozymyzda-da toý bar, ony-da bagşymyz bolup sowsun!” diýip, sargyt etdiler -diýip, içi hatly bukjany agama gowşurdy.

Agam deň-duşy Saryhan Sapanyň çetine degmek üçin:

- Saryhan, il-gün çyn bagşyny tanaýandyr. Hany aýt, bäri-bäride Kaka barmy? Çyn bagşa bäş ýüz kilometr daşlykdaky Kakadan taýly toý çakylygy gelýär -diýip, hatly bukjany oňa uzatdy. Saryhan Sapa “Ýatyp galandan, atyp gal” diýlene eýerdi:

- Aý, hawa-da, öz iliňde diňlenmeseň, ýarym müň kilometr daşlykdaky oba toýa gidip, aýdym aýtmaly bolýaň-da -diýip, degişmä degişme bilen jogap berdi.

Boş çykan kim?

Il içinde Soltan akga ady bilen meşhur bolan atly bagşy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Soltan Atanepesow XX asyryň 40-60-njy ýyllarynda Gazanjyk (häzirki Bereket), Gyzylarbat (häzirki Serdar) etraplarynda il içinde aýdylşy ýaly, “Eli dutar tutanyň” halypasydy. Ol 60-njy ýyllaryň başynda maşgala ýagdaýy sebäpli Gazanjykdan Gyzylarbada göçmeli bolýar.

Bagşynyň göçjek güni adamlaryň ýüzlerçesi, tälim beren şägirtleriniň ählisi onuň bilen hoşlaşmaga gelýär. Allaýarlaşmaga (hoşlaşmaga) gelenleriň bir çetinde topar tutup duran şägirtleri bilen halypa ýekän-ýekän hoşlaşýar. Hoja atly şägirdi bilen hoşlaşanda:

- Bäş ýyl ýanyma gatnadyň, alan, öwrenen zadyň bolmady, haýp, boş çykdyň- diýýär. Hoja onuň öý goşy ýüklenen ýük maşynyna tarap baş atyp:

- Elli ýyl bagşyçylyk etdiň. Elli ýylda toplan öý goşuň şu bolsa, ýörite maşyn tutmaly däl ekeniň. Goşuň bir towuk ýüki. Halypam, gowuja pikirlen, boş çykan haýsymyz? -diýipdir. Soltan akga:

- Elimi, owazymy alyp bilmediň, dilimi alypsyň, boş çykmansyň -diýip, onuň arkasyna kakypdyr.

Dünýe bäş gün

Bir gezek ussat Sahy Jepbar şägirtleriniň birine:

- Alla saňa zehin eçilipdir. Sen welin ünsüňi senediňe däl-de, keýpi-sapa berýäň. Wagty bisarpa tutma, dünýe bäş gündür. Il-günüňe hyzmat et! -diýip igenipdir. Şägirdi oňa:

- Halypa, bäş gün diýýäniň bäş iş güni. Altynjy, ýedinji gün,ýagny şenbe, ýekşenbe biziň günümiz. Il-gün şol iki gün toý tutýar. Çagyrlan toýumda aýdym-saz edýän. Özüme degişli iki güni bisarpa tutamok. Nämüçin igenýäniňe düşünemok -diýipdir.

Toplan, taraşlan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG