Sepleriň elýeterliligi

Hindistanda sil heläkçiligi dowam edýär


Şenbe güni Hindistanyň resmileri ýurduň demirgazyk regionynda ýüze çykan sil heläkçiligi we ýer süýşgüni sebäpli müňlerçe adamyň izolirlenen ýagdaýda galandygyny mälim etdiler.

Hindistanyň içeri işler ministri Sişulkumar Şinde ýurduň Himiçal Pradeş ştatynda edil häzirki wagt 30 müň töweregi adamyň izolirlenen ýagdaýda galandygyny we 33 müň töweregi adamyň bolsa halas edilendigini aýtdy.

Häkimiýetler bu regionda çakdanaşa agyr ýagyn sebäpli dörän sil suwlarynda azyndan 560 adamyň ölendigini we müňlerçe adamdan habar-hatyryň ýokdugyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG