Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Iordanda müň esgerini galdyrýar


Birleşen Ştatlaryň resmileri ýakynda Iordanda geçirilen iordan-amerikan harby türgenleşiginden soň Iordanyň territoriýasynda galdyryljak amerikan harbylarynyň sanynyň müňe ýetirilendigini mälim etdiler.

Amerikan harbylarynyň Iordanyň territoriýasynda galdyrylmagy goňşy Siriýada dowam edýän uruşlaryň bu ýurduň içine aralaşmak howpunyň öňüni almak maksatlary bilen baglanyşdyrylýar.

Maglumata görä, öz esgerlerinden daşary Birleşen Ştatlar bu ýurduň territoriýasynda “F-16” kysymly söweş uçarlarynyň we “Patriot” howa gorag raketalarynyň-da bir toparyny galdyrypdyr.

Ýöne amerikan harbylarynyň we harby tehnikalarynyň näçe möhlet bilen Iordanda galmagynyň mümkindigi barada häzirlikçe anyk bir zat aýdylmaýar.
XS
SM
MD
LG