Sepleriň elýeterliligi

“Siriýanyň dostlary” maslahat geçirýär


Şenbe güni “Siriýanyň dostlary” diýlip atlandyrylýan topara girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleri Kataryň paýtagty Dohada Siriýanyň oppozisiýasyna ýardam bermek meselesi barada maslahat geçirýärler.

Bu maslahata Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Müsüriň, Iordanyň, Kataryň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary işler ministrleriniň gatnaşýandyklary habar berilýär.

Maslahatda esasan Siriýanyň oppozision söweşijilerini nädip ýaraglandyrmalydygy barada pikir alşyljakdygy aýdylýar.

Geçen hepde Amerikanyň Birleşen Ştatlary Siriýanyň hökümetiniň oppozision söweşijilere garşy himiki ýarag ulanandygyny görkezýän degerli subutnamalaryň ele salnandygyny öňe sürüp, özüniň siriýaly söweşijilere ýarag goldawyny bermekçidigini yglan edipdi.

Orsýet amerikan tarapynyň subutnama hökmünde hödürleýän delilleriniň çynlakaý kabul edilip bilinmejekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG