Sepleriň elýeterliligi

Albaniýa: Hüjümde bir adam öldi


Ýekşenbe güni Albaniýada parlament saýlawlarynyň barşynda ýurduň Lak şäherindäki saýlaw uçastoklarynyň birinde ýüze çykan ýaragly hüjümde bir adam ölüp, iki adam ýaralandy.

Ýaralananlardan biri premýer-ministr Sali Berişanyň Demokratik partiýasyndan deputatlyga dalaş edýän Mehil Futhi.

Ýerli habar serişdeleri ok atýan ýarag bilen edilen bu hüjümiň saýlaw uçastogynda Demokratik partiýa bilen Sosialistler hereketini goldaýjylaryň arasynda turan dawa-jenjeliň barşynda ýüze çykandygyny habar berýär.

Ýöne bu hüjümiň anyk kim tarapyndan amala aşyrylandygy barada häzirlikçe maglumat alynmady. 140 orunlyk partlamente geçirilýän bu saýlawlaryň Albaniýanyň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrundaky tagallalarynda möhüm rol oýnamagy mümkin diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG