Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Myhmanhanada 10 adam öldürildi


Ýekşenbe güni ýaragly adamlaryň bir topary Pakistanyň demirgazygyndaky Gilgit-Baltistan welaýatynda ýerleşýän bir myhmanhana hüjüm etdiler.

Pakistanyň polisiýasy bu wakada myhmanhanadaky daşary ýurtly turistlerden dokuzysynyň hem-de bir ýerli ýaşaýjynyň öldürilendigini habar berdi. Ukrainanyň Pakistandaky ilçihanasy şu gün bu öldürilenlerden bäşisiniň Ukrainanyň raýatydygyny tassyklady.

Orsýetiň döwlet turistik agentligi hem ölenlerden biriniň Orsýetiň raýatydygyny aýdýar. Bu hüjümde pida bolan beýleki üç adamyň Hytaýyň raýatlary diýlip hasaplanylýandygy aýdylýar.

Pakistandaky Talyban toparynyň sözçüsi Azatlyk Radiosynyň “Maşaal” gullugyna telefon arkaly beren interwýusynda bu hüjümi talybanlaryň gurnandygyny we munuň daşary ýurtly güýçler tarapyndan Pakistanda amala aşyrylýan howa hüjümlerine berlen jogapdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG