Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikaly “adalat jarçysy” Moskwa bardy


ABŞ-nyň razwedka gullugynyň ozalky işgäri Edward Snowdeniň Gon-Kongdaky myhmanhanada "Guardian" gazetine interwýyu berýan pirsady. Gon-Kong, 9-njy iýun, 2013.
ABŞ-nyň razwedka gullugynyň ozalky işgäri Edward Snowdeniň Gon-Kongdaky myhmanhanada "Guardian" gazetine interwýyu berýan pirsady. Gon-Kong, 9-njy iýun, 2013.
Ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň razwedka gullugynyň ozalky işgäri, amerikaly “adalat jarçysy” Edward Snowden Gon-Kongy terk edip, Moskwa baryp düşdi.

Edward Snowden ýakynda ABŞ-nyň raýatlaryň telefon we internet aragatnaşyklaryna gözegçilik ediji gizlin programmasy baradaky maglumatlary jemgyýetçilige äşgär edipdi.

Bu wakanyň yzy bilen ABŞ-nyň prokuraturasy oňa içalyçylykda, maglumat ogurlygynda we gizlin maglumatlary meýletinlik bilen köpçülige äşgär etmekde jenaýat aýyplamalaryny bildirip, Gon-Kongyň häkimiýetlerinden ony tussag etmeklikli sorady.

Emma ýekşenbe güni Gon-Kongyň hökümeti öz ýaýradan resmi beýanatynda Edward Snowdeniň Gon-Kongyň territoriýasyny terk etmegine päsgel bermek üçin hiç hili kanuny esasyň ýokdugyny mälim etdi.

Şeýle hem, bu beýanatda Edward Snowdeniň ekstradisiýa edilmegi barada ABŞ-nyň eden haýyşynyň “kanunyň talaplaryna doly taýyk gelmeýändigi” bellenipdir.

Edward Snowden bilen geçirilen birnäçe interwýulary çap eden “South China Morning Post” gazeti Moskwanyň hem heniz Snowdeniň barjak ahyrky nokady däldigini ýazýar.

Ümzügi Wenesuela tarap

Öz gezeginde Orsýetiň bir hökümet resmisi habar agentliklerine beren maglumatynda Edward Snowdeniň rus wizasyny almandygyny aýdyp, onuň “Şeremetewo” aeroportunyň tranzit giňişliginden daşaryk çykyp bilmejekdigini mälim edipdir.

“Aeroflot” kompaniýasynyň metbugat sekretary Edward Snowdeniň Kubanyň paýtagty Gawana uçýan uçar üçin bilet rezerwasiýa edendigini we ol uçaryň bolsa Gawana tarap 24-nji iýunda öýlän ýola düşýändigini aýtdy.

Ol Gawanadan hem Edward Snowdeniň Wenesuelanyň paýtagty Karakasa uçmaklygy planlaşdyrýandygyny mälim etdi.

Ýekşenbe güni Hytaýyň döwlet mediasy Birleşen Ştatlaryň gizlin gözegçilik programmasynyň Hytaýyň mobil telefon ulgamyny hem-de Pekiniň “Tsinghua” uniwersitetini-de nyşana alýandygy barada Edward Snowdeniň aýan eden maglumatlaryna esaslanmak bilen, Birleşen Ştatlary tankyt etdi.

Hytaýyň “Ksinhua” habar agentligi hem Waşingtony özüniň gizlinlik bilen şahsy maglumatlary toplaýan programmasynyň gerimi we maksatlary baradaky maglumatlary bütin dünýä bilen paýlaşmaklyga çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň öz içinde käbir adamlar Edward Snowdene watan dönügi hökmünde garasa, käbirleri ony halkyň bähbidi üçin hereket eden edermen bir şahsyýet hökmünde kabul edýärler.
XS
SM
MD
LG