Sepleriň elýeterliligi

N.Ak: "Türkmenler taryhy ýeňis gazandy"


Eýranda 14-nji iýundaky saýlawlarda saýlawçylar öz seslerini berýärler. Tähran, 14-nji iýun, 2013.

Eýranda 14-nji iýundaky saýlawlarda saýlawçylar öz seslerini berýärler. Tähran, 14-nji iýun, 2013.

Eýranda 14-nji iýunda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijesi ençeme nukdaýnazardan garaşylandan tapawutly boldy. Prezidentlik saýlawlary bilen bilelikde ýerli mejlislere geçirilen saýlawlarda hem käbir täzelikler boldy. Eýran Yslam Respiblikasynyň düybi tutulaly bäri ilkinji gezek Gümmet-Kowusyň şäher mejlisine tutuşlygyna türkmenler saýlandy. Azatlyk Radiosy şu wakalar barada Eýranyň Türkmensähra ülkesiniň ýaşulularyndan Nurmuhammet Ak bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Eýrandaky prezidentlik saýlawlarynda reformaçylar üstünlik gazandylar. Türkmensähraly türkmenleriň durmuşynda indi nähili üýtgeşikliklere garaşyp bolar?

Nurmuhammet Ak: Belli bolşy ýaly, Eýranda prezidentlik saýlawy bilen obadyr-şäher geňeşleriniň saýlawy hem geçirildi. "Senden hereket, Hudaýdan bereket' diýlen nakyla eýerip, türkmenler hem saýlawlara goşulyşdy.

Eýranda prezidentlige sekiz agza dalaşgär boldy. Olardan ikisi saýlawdan çekildi. Soňra alty dalaşgäriň arasyndan ikisi öňe saýlandy. Netijede, Eýranda prezidentligi dalaşgär Hassan Rohany gazandy. Täze prezident bir-iki aýyň dowamynda görüljek taýýarlyklardan soň, öz ornunda oturmaly. Türkmensähradaky türkmenleriň takmynan ýüzden segsen bölegi prezidentlik saýlawynda reformaçylaryň dalaşgäri Rohana ses berdiler.

Azatlyk Radiosy: Nurmuhammet aga, Eýranda geçirilen oba hem şäher geňeşleriniň wekilleriniň saýlawynda türkmen obadyr şäherlerinde, meselem, Gümmet-Kowus, Bender-Türkmen, Akgala ýaly ýerlerde nähili netije görkezdiler?

Nurmuhammet Ak: Türkmensährada hemme şäherdir obalarda türkmenler şura-geňeş saýlawlaryna diýseň işjeň gatnaşdylar. Saýlawlar, aslynda, halk köpçüligini dünýäde bolup duran üýtgeşmeler bilen tanyşmaga pursat döredýär. Saýlaw bir ýaryş bolansoň, Türkmensährada türkmenler hem gowy çykyş etdiler.

Türkmensähradaky şäherlerde şura-geňeş saýlawlary gaty arassa geçdi. Şu pursatdan peýdalanyp, men bir habary buşlamak isleýärin. Ylaýta-da, şu gezekki şura-geňeş saýlawy gaty gyzgalaňly geçdi. Gümmet-Kowus şäher geňeşinde jemi on bir orun bar. Şol on bir ornuň hemmesini hem türkmen doganlarymyz eýelediler.

Gümmet-Kowusda ýaşuly-ýaşkiçi, talyplar yzgiderli ýygnakdyr maslahatlarda gyzgalaňly çykyşlar edip, saýlawlara uly goldaw berdiler. Akgala, Bender-Türkmen, Kümüşdepe ýaly beýleki şäherlerde hem saýlawlar Türkmenler üçin gaty gowy netijeler berdi. Kelala ýaly käbir şäherlerde bolsa türkmenler bilen bir hatarda ol ýerde ýaşaýan parslar ýaly başga halklaryň wekilleri hem şäher geňeşine öz wekillerini saýladylar.

Ol ýerlerdäki saýlawlaryň netijeleri hem arassa çykdy. Şonuň üçinem, türkmenler çykan netije bilen ylalaşdylar. Oba geňeşleri bilen deňeşdirilende, şäher geňeşleriniň edip bilýän işi hem ygtyýary gaty kän. Şäher geňeşleri döwletden pul kömegini alyp bilýärler. Şäher häkimini hem şäher şurasy, ýagny geňeşi belläp bilýär.

Şäher geňeşine döwlet we kanunlar, hasap hem dolandyryş işlerine ökde bolan, bu işlerden gaty gowy başy çykýan adamlar saýlandy. Saýlanan şeýle ukyply adamlar bilen şäherdir obalarymyzyň abat boljagyna şek-şübhämiz ýok. Şäherlerde ilat sanynyň köpelmegi bilen, şäher şura-geňeşleriniň agza sany hem artýar. Owalky döwürlerde Türkmensährada Gülüstan welaýatynyň uly şäherlerinden biri bolan Gümmet-Kowus şäherinde geňeşiň agza sany ýedi adamdy. Häzirki döwürde ilat sanymyz köpeleni üçin, orun sany on bire çykdy.

Azatlyk Radiosy: Eýranda şäher häkimini halk saýlaýarmy ýa şäher geňeşi saýlaýarmy?

Nurmuhammet Ak: Gümmet-Kowus şäher geňeşiniň on bir wekili şäher häkimini saýlaýar, ýagny şäher häkimini halk däl-de, eýsem şäher geňeşiniň wekilleri saýlaýarlar. Halk bolsa kiçiräk şäherlerde ýedi sany ýa-da obalarda bäş sany orunly geňeşiň wekillerini saýlaýar.

Oba we şäher şura-geňeş wekilleriniň döwlet mejlisiniň halk wekilleri bilen tapawudy bar. Şäher geňeşiniň wekilleri diňe öz şäheriniň işlerini alyp barýarlar. Gümmet-Kowus şäher geňeşiniň on bir wekiline hemme halk öz dalaşgärini saýlap bilýär. Ýöne bu gezek türkmenler agzybirlikde hereket edip, Gümmet-Kowus şäher geňeşiniň hemme on bir ornuna hem öz dalaşgärlerini saýladylar.

Azatlyk Radiosy: Nurmuhammet aga, şäher meri, ýagny şäher häkimi Eýranda, Türkmensähra sebitinde, Gümmet-Kowusda türkmen bolup bilýärmi?

Nurmuhammet Ak: Hawa, şäher meri, ýagny şäher häkimi türkmen bolup bilýär we bolaram. Gümmet-Kowus şäher geňeşi şu wagta çenli dört saýlaw döwrüni başdan geçirdi. Ondan owal degişli kanun doly durmuşa geçirilip biinmändi.

Şäher geňeşi we şäher häkimi dört ýyllyk saýlanýar. Gümmet-Kowus şäher häkimligine, elbetde, milletine seretmän, işi başarjak adam saýlamaly. Şäher geňeşiniň türkmen wekilleri haýsy başarjaň adamy isleseler, şony hem şäher häkimi saýlap bilýärler. Türkmenler wezipä başarjaň adam saýlanmaly diýlende, onuň türkmendigine ýa-da däldigine seredip hem duranoklar.

Gümmet-Kowus şäher geňeşiniň wekilligine türkmenlerden ilki otuz bäş adam dalaşgär boldy. Soň ýaşulularymyz çykyş edip, dalaşgärlige agzalaryň okuw ýagdaýlaryny barlap, olaryň arasyndan on bir sanysyny öňe çykardylar. Gümmet-Kowus şäher geňeşiniň wekilligine, umuman, ýetmiş adam dalaşgär boldy. Şol ýetmiş dalaşgäriň içinden halk on bir türkmeni şäher geňeşiniň agzalygyna saýlady. Şeýlelikde, Gümmet-Kowusda türkmen ýaşulularynyň saýlan on bir dalaşgärini halk hem goldap, saýlady.

Owalky saýlawlarda Gümmet-Kowus şäher geňeşine ilkinji döwürde bäş türkmen wekil saýlanypdy. Ondan soňky ikinji döwürde türkmenler diňe bir adamy wekil saýlap bildiler. Soňky dört ýyllykda türkmenlerden ýene iki wekil saýlanypdy. Sebäbi, türkmenleriň arasynda agzybirlik ýokdy.

Golaýda bolan saýlawlarda bolsa, ýaşuly-ýaşkiçi hemmesi, ylaýta-da, talyplar öňe düşüp, halky agzybirlikde herekete geçirip, Gümmet-Kowusda hemme on bir orna hem öz türkmenini saýlap bildiler. Nesip bolsa, indi biz şol on bir adama ynanýarys.

Gümmet-Kowus şäher häkimi hem, enşalla, türkmen bolar. Perman hem ygtyýar Gümmet-Kowusda şol on bir şäher geňeş wekiliniň elinde bolmaly. Şäher häkimi kim hem bolsa, şol on bir wekiliň sözünden çykyp bilmeýär. Gümmet-Kowus şäher geňeşiniň hemme on bir ornuny türkmen bolup gazanmagymyzyň ýene bir bähbitli hem gowy tarapy bar. Ol bolsa, geljekde başga halklar bilen hem ylalaşyp, gürrüňdeş bolmaga pursat döredýär. Türkmende bir güýç we agzybirlik görkezilen mahaly erteki gün hemmeler ylalaşykly hereket edip, gatnaşmaly bolýarlar. Dünýäde hem hemme iş ylalaşykly edilmeli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG