Sepleriň elýeterliligi

Talyban merkeziniň ýapylmagy mümkin


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri talybanlar bilen gepleşikler ugrukmasa, talybanlar üçin Katarda açylan syýasy ofisiň ýapylmagynyň mümkindigini aýtdy.

Şenbe güni Kataryň paýtagty Dohada gurnalan metbugat konferensiýasynda bu barada eden çykyşynda Jon Kerri talybanlary parahatçylyk ugrundaky tagallalary güýçlendirmeýänlikde aýyplady.

“Biz özümiziň örän kynçylyk bilen ýola goýan işimize talybanlaryň nähili jogap berýändigine göz ýetirmek üçin olaryň berjek jogabyna garaşýarys” diýip, Jon Kerri öz çykyşynda nygtady.

Jon Kerri bir hepde mundan ozal Katarda talybanlar üçin ýörite ofisiň açylaly bäri geçen döwrüň içinde talybanlar tarapyndan gepleşiklere tarap ädim ädiler diýip garaşandyklaryny aýtdy.

Geçen hepde Katarda talybanlaryň ofisiniň açylmagyna Owganystanyň hökümeti nägilelik bilen reaksiýa bildiripdi.
XS
SM
MD
LG