Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Polisiýa ofiseri öldürildi


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda ýokary derejeli polisiýa ofiseri we onuň sürüjisi atylyp öldürildi.

Pakistanyň polisiýasynyň aýtmagyna görä, ýol gözegçilik bölüminde işleýän Amanullah Han we onuň sürüjisi duşenbe güni Peşawar şäherinde motosikletli barýan ýaragly adam tarapyndan atylyp öldürilipdirler.

Häzire çenli bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Emma muňa garamazdan pakistanly söweşijiler ýurduň howpsuzlyk güýçlerine wagtal-wagtal hüjümleri amala aşyryp gelýärler.

19-njy iýunda Peşawaryň etegindäki harby baza amala aşyrylan hüjümde bäş esger ölüp, başga-da ikisi ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG