Sepleriň elýeterliligi

"Talybandan" düşündiriş soralýar


Owganystanyň häkimiýeti "Talyban" bilen gepleşiklere isleglidiklerini, ýöne başda olaryň Katarda açan ofisi barada käbir sowallara jogap bermeklerini isledi.

“Talyban” hereketi geçen hepde Dohada öz ofisini açyp, bu edarasyna hem Owganystany dolandyran döwründäki ady dakyp, baýdagy ulanmagy, prezident Hamid Karzaýyň häkimiýetini gaharlandyrypdy.

Ýekşenbe güni hökümetiň metbugat wekili, Kabulyň Dohada "Talyban" bilen gepleşikler geçirmek üçin delegasiýany ugratjakdygyny aýtdy.

Ýöne Kabul bu çäräniň diňe "Talybanyň" Dohadaky ofisi açmagynyň sebäbini düşündirenden we onuň diplomatik taýdan dikelmejekdigi barada ynam döredenden soň amala aşjakdygyny mälim etdi.

Ýekşenbe güni “Talyban” hereketi öňki ady we baýdagy ulanmagynyň sebäbini “Katar häkimiýeti bilen aralarynda bolan ylalaşyk” esasynda düşündiripdi.

The Associated Press habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, ýekşenbe güni Dohadaky ofisde baýdagy alamatlandyrýan hiç hili nyşan bolmandyr.
XS
SM
MD
LG