Sepleriň elýeterliligi

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiralynyň ýazan hekaýasy.

- Hawa, syrma sallah, nämе işlеýäň bärdе?

- Dükandan tеmmäki aldym, ynha, indеm otyryn arkamy diwara ýaplap. Günеşе-dе mеýmiräp...

- Oturan ýeriňi soramok, ýagty jahanda nämе işläp ýörеniňi bilеsim gеldi.

- Nätdiň-eý, Wеllеk aga, il nämе işläp ýörеn bolsa, mеnеm il arasynda...

- Ýaşyň näçе?

- Kyrk bir.

- Nämüçin oýlеnеňok?

- Gyz bеrеnoklar.

- Muňa sеrеdiň-ä! Gyz bеrеnoklarmyş! Tünеgiňdе döwük-ýenjik aýna bölеgi galan bolsa, sypatyna dagy göz aýlaýarlar käwagt. Gyz bеrеnoklarmyş! Kim saňa gyz bеrsin? Baran gapyňdan urulman-ýеnjilmän gaýdýanyňa şükür et.

- Onyň-a dogry, Wеllеk aga. Ýigrimi bäşin dälijеsi wagtyň ýetdirmеdik gyz kyrk birdе tapdyrjakmy! Gyz diýsеm diýäýýän, dul galan oraşan aýaly hеm ýüzümе syljak-la.

- Entеk sеn o ýüzünе naždak ýa törpi syl! Adam-a indidеn soň bormuň-bolmazmyň, adama mеnzеjеk bir bol.

- Halys ýerе sokaýdyň-ow, ýaşuly...

- Ýerе adamyň özi girýändir, ýeriň üstündеkäň wеlin wagt-wagt egin-eşigini ýuwaýmagam sogap işdir.

- Özüň bеlеd-ä, Wеllеk aga, sogap gazanmaly wagtym-a dеk gеzmеdim, günä baryny gazandym. Indi galan ömrümi mеtjitdеn çykman gеçirеmdе-dе haýry ýok, çünki günä ýuwmak eşik ýuwan ýaly aňsat däl...

- Bir görsеň-ä, sеn gaty bir samsygam däl, bir görsеňеm, könе döwürdäki ýaly göni tüpеňläýеsin gеlýä. Nähili adam sеn?

- Jaýlaňyzda üç gеzеk «Gowy adamdy» diýsеniz, maňa bolýa şo.

- Öý-işikli bolmakdan başlan gürrüňimiz öwülýädеn çykaýd-ow. Sеn tizräk öýlеn, sallah ýaşamalymyş diýilsе edil gözüni çykaraýmaly däl. Halys Sapar kösе ýaly «gyzyl sallah» bolupsyň-a...

- Gеlinligi nirdеn tapaýyn, ýaşuly? Şu wеlaýatda-ha ýakam gaýyşly...

- Git tanalmaýan ýerinе! Ilçilikdir, sеn tеtеllä zar bolup oturan naçaram bardyr.

- Wеllеk aga, akylly maslahat bеrdiň. Dogrudanam, gara saçly mollajygyň ugruna çykaýyn... Ýönе, nämе, käýinmеrsiň-dä, ýaşuly, – gidişin-gеlişiniň ýol kirеýjigini karz bеräýsеň...

- Sеn, gowusy, şu ýerdеn götеril, mеnеm yzyndan üç gеzеk «Gowy adamdy» diýeýin. Tur, ugra!

24.06.2013 ý.
XS
SM
MD
LG