Sepleriň elýeterliligi

Ekwador Snowdeniň haýyşyny "analizleýär"


Moskwanyň Şeremetýewo uçar meýdanyndan Kuba ugramaly uçar. 24-iýun, 2013 ý.

Moskwanyň Şeremetýewo uçar meýdanyndan Kuba ugramaly uçar. 24-iýun, 2013 ý.

Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugynyň ozalky işgäri Edward Snowden, aýdylmagyna görä, Moskwadan uçjak uçar bilen Hawana, Kuba gitmekçi bolýar.

Waşington ony içalyçylyk aýyplamalarynda aýyplap, ele salmaga çalyşýar.

Ors we günbatar habar gulluklary Snowdeniň duşenbe güni öýlän Moskwadan ýola çykjagyny, onuň soňky menziliniň Ekwador bolmagynyň ähtimaldygyny habar berdiler.

ABŞ-nyň hökümeti Orsýetiň Snowdeni Birleşen Ştatlara, hökümetiň gizlin gözegçilik programmalary baradaky maglumatlary syzdyranlygy üçin sud jogapkärçiligine çekiljek ýurduna ibermegini sorady.

Orsýet Milli howpsuzlyk gullugynyň ozalky işgärini tussag etmek üçin özünde hiç bir sebäbiň ýokdugyny aýtdy.

"Bu söz azatlygy bilen bagly"

Ekwadoryň Orsýetdäki ilçisi Snowden bilen ýekşenbe güni agşamlyk duşuşdy. Ekwadoryň daşary işler ministri Rikardo Patino duşenbe güni öz hökümetiniň Snowdeniň gaçybatalga haýyşy barada pikirlenýändigini aýtdy:

"Geliň bu gürrüňi bes edeliň, biz öz wagtynda karara geleris. Biz ony örän uly jogapkärçilik bilen analizleýäris we ol barada gowy alada edýäris, sebäbi bu söz azatlygy, dünýä ýüzüniň raýatlarynyň howpsuzlygy bilen bagly, şonuň üçin biziň ony çuňňur analizlemegmiz gerek."
Ekwadoryň Moskwadaky ilçihanasy. 24-njy iýun, 2013 ý.

Ekwadoryň Moskwadaky ilçihanasy. 24-njy iýun, 2013 ý.


Orsýetiň ilgezikligi

ABŞ-nyň senatory (Demokrat-Nýu-Ýork) Çak Şumer ýekşenbe güni SNN telewideniýesindäki çykyşynda Orsýetiň Snowdeni amerikan häkimiýetlerine tabşyrmazlyk baradaky kararyny tankyt etdi:

"Bu ýerde lapykeç edýän zat [Orsýetiň prezidenti Wladimir] Putiniň Snowdeniň gaçyp sypmagyna ýardam etmesi bolup durýar. Gepiň keltesi, ýaranlar bir-birine salyhatly çemeleşmeli. Putin hemişe, ýa ol Siriýa bolsun, ýa-da Eýran, indi bolsa, elbetde, Snowden bilen Birleşen Ştatlaryň gözüne barmak çommaltmaga ilgezik görünýär. Men ýaranlar bir-birine beýle çemeleşmeli däl we munuň Birleşen Ştatlar – Orsýet gatnaşyklary üçin çynlakaý netijesi bolar diýip pikir edýärin."

Snowden Moskwa ýekşenbe güni, şu aýyň başynda syzdyrylan maglumatlary ile aýan edeli bäri gizlenýän ýeri bolan Hoň-Koňdan geldi.

Hoň-Koň Snowdeni tutup bilmeýär

Hoň-Koň hökümeti Birleşen Ştatlaryň Snowdeni tutmak baradaky buýrugynyň öz kanuny-hukuk talaplaryna gabat gelmeýändigini aýtdy.

Britaniýanyň “Guardian” gazeti we “Washington Post” Snowdeniň ýaýradan gizlin dokumentlerine salgylanyp, amerikan hökümetiniň "Google", "Facebook" we beýleki aragatnaşyk kompaniýalary arkaly Birleşen Ştatlardaky we dünýä ýüzündäki millionlap adamyň telefon we internet maglumatlaryny toplamak we olara gözegçilik etmek boýunça edýän ägirt uly tagallasynyň üstüni açdy.

ABŞ-nyň delili

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň adminstrasiýasy bu gözegçilik programmalarynyň kongres we sud gözegçiliginden ybaratdygyny we olaryň 50 sany terror dildüwşiginiň öňüni almaga kömek edendigini, şolaryň käbirinde Birleşen Ştatlaryň içindäki obýektleriň nyşana alnandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri geçen hepde Snowdeni hökümet emlägini ogurlamakda, milli goranyş maglumatyny bikanun geçirmekde, ýaşryn aňtaw maglumatyny bilkastdan keseki adama bermekde aýyplady.

Bu bildirilen üç günäniň hersi, aýyplanýan günäli tapylan ýagdaýynda, azyndan 10 ýyl türme tussaglygyny aňladýar.
XS
SM
MD
LG