Sepleriň elýeterliligi

Medeniýet hepdeligi başlady


Türkmen oglan-gyzlary. Türkmenabat. 2013 ý.

Türkmen oglan-gyzlary. Türkmenabat. 2013 ý.

Türkmenistanda medeniýet hepdeligi başlady. Resmi maglumatlardan çen tutulsa, bu hepdelik medeniýet işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilýär. Bu hepdelige hökümet tarapyndan uly üns berilýändigini geçen hepdäniň anna güni geçen hökümet maslahatyndan hem aňsa bolýar.

Şol maslahatyň esasy meselesi bu hepdeligi geçirmek boýunça temalardan ybarat bolup, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşyny dolulygyna diýen ýaly medeniýet hepdeligine bagyşlady. Onuň aýtmagyna görä, bu hepdelik diňe Awazada däl, ýurduň dürli şäherlerinde geçiriler.

Berdimuhamedow ýygnakda bu barada şeýle diýdi: “Bu baýramçylyk mynasybetli duşenbe güni medeniýet hepdeligi başlanýar. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda, ýurdumyzyň şäherlerinde dürli medeni çäreler geçiriler”.

Prezident Berdimuhamedow geçirilmegi planlaşdyrylýan dürli çäreler hakda jikme-jik maglumat bermedi. Emma bu maglumat hepdäniň şenbe güni ýurduň merkezi gazetlerinde çap edildi. Bu meýilnama boýunça şu hepdäniň dowamynda jemi 20 sany çäre geçiriler.

Olaryň arasynda türkmenistanly hem-de daşary ýurt sungat we medeniýet işgärleriniň döredijilik sergi-ýarmarkalarydyr, aýdym-saz çykyşlary bar. Şol çäreleriň çäginde 28-nji iýunda Türkmenbaşy şäheriniň ”Ruhyýet” köşgünde ilkinji gezek “Görogly” operasynyň görkezilişi boldy.

Obýektleriň açylyş dabaralary

Şeýle-de, bu hepdeligiň çäginde Balkan welaýatynda birnäçe obýektleriň açylyş dabaralarynyň geçirilmegine garaşylýar.

Geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň hijisinde ýurt baştutanynyň ady ýa-da syýasy-propaganda bilen bagly şygar ýok. Emma, paýtagtly medeniýet işgärleriniň käbirleriniň aýtmagyna görä, bu hepdeligiň 24-30-njy iýun aralygynda geçirilmegi we prezidentiň doglan güni bolan 29-njy iýuny hem öz içine almagy, prezidentiň şahsyýetiniň medeni hepdelige kölege salmagy ahmal.

“Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelensoň, her ýyl onuň doglan gününi bellemek däbe öwrüldi. Medeniýet işgärleriniň gününiň prezidentiň doglan gününe gabat gelmeginiň sebäbi şu bolmaly” diýip, özüni Orazberdi diýip tanadan aşgabatly medeniýet işgäri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Resmi taýdan - bu medeniýet işgärleriniň baýramçylygy, bu çäre geçen ýyl üç gün dowam edipdi. Ýurt ýolbaşçysy bu çäreleriň tutuş ýurtda belleniljekdigini aýtsa-da, baýramçylygyň esasy merkeziniň Awazada geçirilmegine garaşylýar.

Turistler hoşal däl

Bu çäräniň Awazada bellenmegi Awazany turist zonasy hökmünde tanatmakdan ybarat. Emma Awazadaky dynç alyşlary edil şol günlere gabat gelýän turistler bu ýagdaýdan hoşal däl. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ildeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, medeniýet hepdeligi zerarly adamlaryň şol ýerlere, esasanam Awazada suwa girilýän deňiz kenarlaryna, goýberilmezligi mümkin.

Aşgabadyň ýaşaýjysy, 37 ýaşly Baýramyň dynç alşy hem edil şol günlere gabat gelýär. Baýram: “Men düýn türkmenbaşyly tanşyma jaň edip ýagdaýy soranymda, entäk gelme diýdi. Awazadaky oteller dynç alýanlary kabul etmeýär. Öňki dynç alýanlary bolsa otellerden kowýarlar” diýip, tanşynyň oňa gürrüň berendigini aýdýar.

Ýurt baştutanynyň Awaza saparlarynda ol ýerde dynç alýanlaryň hereketleriniň çäklendirilmegi adaty ýagdaý diýlip hasaplanýar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir türkmenbaşylylaryň aýtmaklaryna görä, beýle ýagdaýlara mundan ozal hem duş gelnipdir.

Aşgabatly Baýramyň aýdanlaryndan çen tutulsa, medeniýet hepdeliginden soň hem, adat boýunça, iýuluň ikinji hepdesinde prezidentiň rugsady bilen hökümet ýolbaşçylary 10 gün Awazada dynç alýarlar. Umuman aýdylanda, şol wagtlar hem Awaza adaty dynç alýanlar üçin ýapylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG