Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Joli zorlugy bes etmäge çagyrýar


Aktrisa Anjelina Joli BMG-de çykyş edip, dünýä döwletlerini uruş mahalynda adam zorlugyna garşy göreşi birinji ýerde goýmaga çagyrdy.

BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygynyň hoşgöwün ilçisi bolup işleýän Joli duşenbe güni Howpsuzlyk geňeşinde, biziň döwrümizdäki konfliktlerde millionlarça bolmasa, ýüz müňlerçe aýal, çaga we erkek zorlandy diýdi.

Şeýle-de ol, Howpsuzlyk geňeşi döredileli bäri, onuň 67 ýyllap uruşlara we konfliktlere şaýat bolandygyny, emma dünýäniň heniz uruş zonasyndaky zorluga çynlakaý derejede üns bermändigini aýtdy.

Joliniň çykyşyndan soň, Howpsuzlyk geňeşi zorlugyň konfliktleri çuňlaşdyrýandygy we parahatçylygy hem howpsuzlygy ýola goýmagy kynlaşdyrýandygy barada rezolýusiýa kabul etdi.
XS
SM
MD
LG