Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 40-dan gowrak adam öldürildi


Yrakda duşenbe güni guralan hüjümlerde 40-dan gowrak adam öldi.

Bagdatda partladylan 10 ulag 39 adamy öldürdi.

Bagdatdaky hüjümleriň käbirinde şaýylaryň ýaşaýan etraplary nyşana alyndy, olar hormatly ymamlaryň biriniň doglan günini belleýärdiler.

Emma beýleki partlamalar garyşyk etraplarda ýa-da esasan sünnüleriň köplük bolup ýaşaýan ýerlerinde boldy.

Mosulda bir kafeniň daşynda partlan bomba 5 adamy öldürdi.
XS
SM
MD
LG