Sepleriň elýeterliligi

Eýran şaýylaryň öldürilmegini ýazgardy


Eýranyň Daşary işler ministrligi Kairiň golaýynda müsürli şaýylaryň dördüsiniň öldürilmegini ýazgarýan beýanat çap etdi.

Eýranyň iňlis dilindäki Pres TW-siniň websaýtynda çap edilen beýanatda Daşary işler ministrligi munuň ýaly ekstremizmiň yslamyň ýörelgelerine ters gelýändigini aýdýar.

Öldürilen dört dindar ýekşenbe güni Kairiň çetinde bir tanymal şaýynyň öýüne ýygnanyp, dini baýramlaryny bellejek bolupdyr. Olar, dine başgaça garaýyşlary üçin, duşmançylykly mähelle tarapyndan ölýänçäler ýenjilipdir.

Müsüriň prezidenti Mohammad Morsi bu işi "aýylganç jenaýat" diýip ýazgardy. Emma muňa garamazdan, käbir tankytçylar Morsini Siriýadaky konflikti Müsürde mezhep dartgynlylygyny güýçlendirmek üçin ulanmakda aýyplaýar.

Eýranlylaryň 90 prosent çemesi şaýy bolup, Müsürde bu görkeziji 2 prosentden aňry geçenok.
XS
SM
MD
LG