Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kataryň emiri ornuny ogluna berýär


Kataryň emiri wezipesinden çekildi. Şeýh Hamad bin Kalifa al-Tani öz ornuny 33 ýaşly ogly Şeýh Tamin bin Hamad al-Tanä tabşyrýandygyny aýtdy.

61 ýaşly emir sişenbe güni Kataryň döwlet telewideniýesinde eşitdirilen sözünde ýaş nesliň jogapkärçiligi öz üstüne almagyna wagt ýetendigini aýtdy.

Ol premýer-ministr we daşary işler ministri bolup işleýän Şeýh Hamad bin Jassim al-Tani barada göni bir zat aýtmady, ýogsa onuň hem işden çekilmegine garaşylýardy.

Şeýh Tamin Britaniýada bilim aldy we ýurduň ýaragly güýçleriniň komandiriniň orunbasarydy.

Şeýh Hamad häkimiýete 1995-nji ýylda, döwlet agdarylyşygynda kakasy Şeýh Kalifa iş başyndan çetleşdirilenden soň gelipdi.

Kataryň ilaty iki million adamdan ybarat bolup, bu ýurt dünýäde suwaldylan tebigy gazyň iň uly eksportçysydyr.
XS
SM
MD
LG