Sepleriň elýeterliligi

Obama Snowdeniň tutuljagyny aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama gaçgaklykdaky aňtaw işgäri Edward Snowdeni ele salmak üçin mümkin bolan ähli zadyň ediljegini wada berdi.

Snowden ABŞ-nyň ýaşyryn gözegçilik programmalaryny ile äşgär etdi. Onuň nirededigi belli däl. Ol Hoň Koňdaky otelini terk edeninden soň, ýekşenbe güni Moskwa bardy.

Snowdeniň ol ýerden duşenbe güni Kuba gitmegine garaşylýardy, emma onuň uçmaly reýsinde bolmandygy aýdylýar.

WikiLeaksi esaslandyryjy we Snowdene kömek edýän Julian Assanj Snowdeniň Ekwadora, gaçybatalga soraýan ýurduna aşmak üçin Moskwa gaçandygyny aýtdy.

Assanj Snowdeniň saglygynyň gowudygyny, berk ýerde gizlenýändigini aýtdy, emma häzir nirededigini aýtmady.

Ak tam Snowden Moskwadadyr öýdýär we ors resmileriniň ony Birleşen Ştatlara tabşyrmagyna çagyrýar.
XS
SM
MD
LG