Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kliçko: Syýasy göreşimiz düzgünsiz


Dünýäniň boks boýunça çempiony we “Ukrainanyň reformalary goldaýan demokratik alýansy” atly oppozision toparyň lideri Witaliý Kliçko
Dünýäniň boks boýunça çempiony we “Ukrainanyň reformalary goldaýan demokratik alýansy” atly oppozision toparyň lideri Witaliý Kliçko
Dünýäniň boks boýunça uly agramdaky çempiony we “Ukrainanyň reformalary goldaýan demokratik alýansy” atly oppozision toparyň lideri Witaliý Kliçko 21-nji iýunda Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle bilen duşuşdy. Bu duşuşygyň yz ýany Witaliý Kliçko Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň habarçysy Inna Kuznetsowa bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşlikde Kliçkonyň öz syýasy planlary, Ukrainanyň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň işi we ýurduň syýasatynyň häzirki ýagdaýy barada gürrüň edildi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz we ukrain oppozisiýasynyň beýleki agzalary Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle bilen duşuşykda nähili temalary gozgadyňyz?

Witaliý Kliçko: Biz oppozisiýanyň ayp barýan işleri barada gürrüň etdik. Şeýle-de biz jenap Westerwelleniň öňe süren örän möhüm meselesini maslahatlaşdyk. Westerwelle biziň öz tagallalarymyzy birleşdirip, muny diňe bir parlamentdäki işler bilen çäklenmän, 2015-nji ýylyň prezidentlik saýlawlarynda umumy bir dalaşgäri hödürlemek üçin hem ulanmagymyzy teklip etdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Guido Westerwelle 21-nji iýunda eden çykyşynda Ukrainanyň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň sud işiniň açyk-aýdyň bolmandygyny belledi. Şeýle-de ol Timoşenkonyň Germaniýa aşyrylmagyny gurnamagy we ony zerur medisina kömegi bilen üpjün etmegi teklip etdi. Timoşenkonyň türmeden boşadylmazdan, Germaniýa aşyrylmagy näderejede mümkin?

Witaliý Kliçko: Germaniýa Timoşenkonyň saglygyny bejermek üçin ony Germaniýa eltip biler, emma bu mesele, gynansak-da, diňe bir Germaniýa bagly däl. Bu meseläniň çözgüdi, hemmä mälim bolan diňe bir şahsa, ýagny Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçe garaşly.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Şsiz şu ýylyň aprel aýynda Ukrainada möhletinden ozal prezidentlik saýlawlaryny geçirmäge çagyryş etdiňiz. Prezident wezipesine dalaş etmek niýetiňiz barmy?

Witaliý Kliçko: Men bu sowala sähelçe wagtdan soň jogap bererin. Edil şu günki gün men siziň bu sowalyňyza anyk bir jogap bermäge taýýar däl. Men her gün parlamentde göreşmeli bolýaryn. Ukrainanyň syýasatçylary hakykatdanam göreşmeli bolýarlar. Sebäbi aýdylýan zatlary diňlemek islemeýän we aldamak üçin dürli pirimleri ulanýan adamlar bilen günde diýen ýaly iş salyşmaly bolýar.

Ukrainanyň syýasaty, gynansak-da, sporta meňzemeýär. Sportda göreş düzgüne görä alnyp barylýan bolsa, syýasatda düzgün ýok. Bu agyr iş, emma biziň ählimiz diňe bir syýasatyň däl, durmuşyň düzgünli bolmagyny isleýäris.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Men size Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň Facebook websaýtynda diňleýjilerimiziň ýazan sowalyny beresim gelýär. Nämüçin siz Ýuliýa Timoşenkonyň partiýasy bilen birleşip, uly güýç bolup çykyş etmek islemeýärsiňiz?

Witaliý Kliçko: Biz parlamentde bileleşip, öz tagallalarymyzy şol ýerde birleşdirmeli diýip hasap edýäris. Emma parlamentiň daşynda biz aýrybaşga toparlar. Biziň programmalarymyz hem tapawutlanýar. Biziň saýlawçylarymyz-da dürli. Ukrainanyň parlamentine geçirilen saýlawlardan öň şeýle teklipler öňe sürlüpdi, emma şonda biz aýralykda hereket etmek kararyna gelipdik.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz Ukrainada nähili üýtgeşikligiň bolmagyny isleýärsiňiz?

Witaliý Kliçko: Ýakynda örän ýakymsyz bir zady eşitdim. Ukraina ýurduny terk etmek isleýän ilatyň sany boýunça tutuş Ýewropa derejesinde birinji orna çykypdyr. Ukraina ilatyň ölüm derejesi boýunça ikinji orunda duran ýurt. Şeýle-de, Ukraina iň köp arak içilýän ýurtlaryň arasynda üçünji ýerde durýar. Bu sanlar gowulygy aňlatmaýar.

Biz kadaly ýurtda ýaşamak isleýäris. Biz geljege umyt bilen garamak isleýäris. Biz ýewropa ýurdunda, Ýewropanyň düzgünleri we standartlary esasynda ýaşamak isleýäris.
XS
SM
MD
LG