Sepleriň elýeterliligi

Hodorkowskiniň 50 ýaşy bellenilýär


Hodorkowskiniň 49 ýaşy mynasybetli geçirilen aksiýa, Moskwa, 26-njy iýun, 2012.

Hodorkowskiniň 49 ýaşy mynasybetli geçirilen aksiýa, Moskwa, 26-njy iýun, 2012.

26-njy iýunda Mihail Hodorkowskiniň tarapdarlary tussaglykdaky öňki oligarhyň 50 ýaşyny doldurmagyny belläp geçmek üçin dünýä derejesinde gutlag hatlaryny ýazmak boýunça kampaniýany geçirýärler. Hodorkowskiniň metbugat merkezi wideo gutlaglaryny hem ýaýradýar.

Orsýetiň ady belli tussagy Mihail Hodorkowskiý 26-njy iýunda 50 ýaşaýar.

Onuň dostlary we tutuş dünýädäki ýaranlary öňki oligarhyň doglan güni mynasybetli Hodorkowskiniň Moskwadaky metbugat merkezi tarapyndan gurnalan gutlag hatlaryny ýazmak boýunça kampaniýa gatnaşýarlar.

Gysga gutlaglar çap edilip, olar Hodorkowskä onuň doglan güni gowşurylar.

Gutlag kampaniýasy

Hodorkowskiniň metbugat wekili Olga Pispanen eýýäm 2 000-den gowrak adamyň gutlag iberendigini aýtdy.

“Mihail Borisowiçi näme begendirip biler diýip, biz köp öýlandyk. Adamlar bilen gepleşmäge mümkinçiligi bolmadyk adamy hem tanyş hem-de nätanyş adamlardan öňa goldaw bildirip ýazylan arzuwly gutlag hatlary, onuň ýatlanýandygy we oňa garaşylýandygy barada habarlar örän begendirip biler diýen netijä gelindi” diýip, Olga Pispanen aýtdy.

Kampaniýanyň çäginde Hodorkowskiniň käbir tanyşlary wideo arkaly hem gutlag bilen çykyş etdiler. Käbir informasiýa çeşmeleri şeýle wideolary bir-birden günde berip durdular.

Orsýetli meşhur žurnalist we Hodorkowski bilen bilelikde kitap ýazan Natalýa Geworkýan öz wideogutlagyny kafede ýazga düşürdi. Ol Mihail Hodorkowskiniň mümkin boldugyndan tiz türmeden çykmagyny arzuw etdi.

“Wyždan ýesiri”

Şu ýyl Hodorkowskiniň türmä düşenine 10 ýyl dolýar.

“Ýukos” atly nebit kompaniýasynyň öňki başlygy Mihail Hodorkowskiý 2003-nji ýylda tussag edilip, salgytdan gaçmak we hilegärlik bilen bagly aýyplamalar esasynda bir ýyldan soň türmä höküm edilipdi. 2010-njy ýylda Hodorkowskä ýene-de täze aýyplamalar ýöňkeldi.

Dargadylan we satylan “Ýukosyň” esasy bölegi döwletiň eýeçiligine geçdi.

Hodorkowkiý köp orsýetliler tarapyndan goldanmaýan hem bolsa ol syýasy aktiwligi we Wladimir Putini ýiti tankyt etmegi sebäpli azatlykdan bikanun mahrum edilen syýasy tussag hökmünde giňden tanalýar.

“Amnesty International” guramasy Hodorkowskini wyždan ýesiri diýip atlandyrýar.

Mihail Hodorkowskiniň 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda, tussaglyk möhleti dolansoň, türmeden boşadylmagyna garaşylýar. Emma orsýet häkimiýetleriniň Hodorkowskiniň tussaglygyny ýene uzaltmak üçin täze aýyplamalary taýýarlaýandygy baradaky çaklamalar hem öňe sürülýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG