Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow: 'Snowden bilen ilteşigimiz ýok'


Orsýetiň daşary işler minstri Sergeý Lawrow. Moskwa. 2013 ý.
Orsýetiň daşary işler minstri Sergeý Lawrow. Moskwa. 2013 ý.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow öz ýurdunyň Birleşen Ştatlaryň gaçgaklykdaky öňki aňtaw gullugynyň işgäri bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny aýdýar.

"Men öňünden aýdyp goýaýyn, biziň jenap Snowdeniň özi ýa onuň Amerikanyň kanun goraýjy güýçleri bilen bolan meseleleri ýa-da onuň dünýäniň dürli ýerlerindäki hereketleri bilen hiç bir ilteşigimiz ýok" diýip, Lawrow nygtady.

Orsýetiň daşary işler ministri Alžiriň daşary işler ministri Murad Medelsi bilen sişenbe güni geçirilen metbugat konferensiýasynda Birleşen Ştatlaryň Orsýet Snowdene kömek etdi diýýän aýyplamasyny ret etdi.

Orsýetiň pozisiýasy

"Biz häzir öz şaýat bolýan ähli synanyşyklarymyzy, Orsýeti Amerikanyň kanunlaryny bozmakda ýa iş ýüzünde haýsydyr bir dildüwşükde aýyplamak barada, kämahal hem üstümize haýbat atmak üçin edilýän synanyşyklary düýbünden esassyz we kabul ederliksiz diýip hasaplaýarys" diýip, Lawrow bu mesele bilen baglanyşykly öz ýurdunyň pozisiýasyny mälim etdi.

Ýekşenbe güni Gonkongdan Moskwa uçandygy aýdylýan Snowdeniň nirededigi takyk belli däl.

Lawrowyň beýanatlary hem bu meselä aýdyňlyk getirmedi: "Ol gitjek ýoluny özi saýlap alypdyr. Biz hem mundan, siziň köpiňiz ýaly, metbugatyň üsti bilen habarly bolduk. Ol Orsýetiň serhedinden geçenok".

Bu ol [Snowden] şindi-de Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunyň tranzit bölüminde diýildigimi ýa däl, Lawrow muny aýdyňlaşdyrmady.

Üstümizdäki aýyň başlarynda Britaniýanyň "Guardian" gazeti bilen Amerikanyň "Washington Post" gazeti Snowdeniň üpjün eden dokumentlerine esaslanyp, Amerikan hökümetiniň Birleşen Ştatlaryň özünde hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynda millionlarça adamyň telefon gepleşiklerini we internet maglumatlaryny ýygnaýandygyny habar berdiler.

Gözegçilik programmasy

Amerikan prezidenti Barak Obama Kongres we Adalat departamentiniň garamagyndaky gözegçilik programmasynyň 50 töweregi terroristik planyň puja çykarylmagyna kömek edendigini aýtdy.

Obama duşenbe güni Snowden barada şeýle diýdi: "Biziň bilýänimiz kanun düzgünleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur kanuny ýollary yzarlap, dürli ýurtlar bilen işleşýändigimiz. Mundan başga men size Adalat departamentine ýüz tutmagy maslahat berýärin. Ol bu işe aktiw gatnaşdy".

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri hem duşenbe güni Hindistana eden saparynda Snowdene kömek etmegiň ýa oňa pena bermegiň bu işi eden ýurtlaryň Amerika bilen bolan gatnaşyklaryna oňaýsyz täsir etjekdigini bildirdi.

Ol Snowdeniň Birleşen Ştatlara gaýtaryp berilmegi barada Orsýeti hyzmatdaşlyga çagyrdy: "Men ors häkimiýetlerini kanun ölçeglerine görä ýaşamaga çagyrýaryn. Sebäbi bu hemmäniň bähbidine. Öten iki ýyllykda biz gözlenýän ýedi tussagy Orsýete tabşyrdyk. Men kanunyň ýerine ýetirilmegi üçin ikitaraplaýyn [hyzmatdaşlygy] möhüm hasaplaýaryn".
XS
SM
MD
LG