Sepleriň elýeterliligi

Aktiwist Özbegistana goýberilmedi


Gyrgyzystanly ynsan hukuklaryny goraýjy belli aktiwist Tölekan Ismailowa özüniň Özbegistana goýberilmän, yzyna deportasiýa edilendigini habar berdi.

“Bir dünýä-Gyrgyzystan” atly garaşsyz graždan toparynyň lideri Tölekan Ismailowa şu hepdäniň duşenbe güni giçlik Daşkendiň aeroportuna baranda, Özbegistanyň organ işgärleriniň özüni wagtlaýyn tussag astyna alandyklaryny we sişenbe güni hem özüniň Astana uçýan uçar bilen yzyna ugradylandygyny aýtdy.

Tölekan Ismailowa özbek häkimiýetleriniň özüne garşy gören bu çäresini özüniň 2005-nji ýylda Özbegistanyň Andižan şäherinde protestçileriň atylyp öldürilmegi bilen baglanyşykly bolan wakalary derňemek bilen meşgullanandygy üçin görlen çäre bolmagy mümkin diýip hasaplaýar.

Andižanda bolan şol wakalarda ýüzlerçe protestçiniň atylyp öldürilendigi habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG