Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Ksiňjanda 27 adam öldürildi


Hytaýyň habar agentligi çarşenbe güni irden ýurduň Ksiňjan Uýgur Awtonom regionynda ýüze çykan bulagaýçylyklarda 27 adamyň ölendigini habar berýär.

“Ksinhua” habar agentliginiň maglumatyna görä, çarşenbe güni irden bu regionyň Lukkun şäherinde pyçak bilen ýaraglanan adamlaryň bir topary ýerli polisiýa edarasyna, hökümet binasyna we gurluşyk obýektine hüjüm edipdirler.

Habar agentliginiň maglumatynda polisiýanyň hüjümçilere garşy ot açmazyndan ozal hüjümçileriň 17 adamy öldürendikleri aýdylýar. Maglumata görä, polisiýanyň atan oklaryndan hem hüjümçilerden 10 adam ölüpdir.

Ýöne bu hüjümi amala aşyranlaryň kimlerdigi barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady. Hytaýyň Ksiňjan regionynda ýerli uýgurlar bilen hytaýlylaryň arasynda etniki çaknyşyklar ýygy-ýygydan ýüze çykyp durýar.
XS
SM
MD
LG