Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ilçihanasy beýanat ýaýratdy


Sişenbe güni Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy beýanat ýaýradyp, Orsýetiň mediasynda peýda bolan soňky maglumatlary tankyt etdi.

Hususan-da, onda Orsýetiň “Nezawisimaýa gazetasynyň” 24-nji iýundaky sanynda çap edilen “Orsýetiň pasporty Ýewroaziýa bileleşigine ygtyýarnama hökmünde” atly makalada nädogry we ygtybarsyz garaýyşlara ýol berlendigi aýdylýar.

Türkmenistanyň ilçihanasynyň beýanatynda “Nezawisimaýa gazetanyň” makalasynda Türkmenistanyň Ýewroaziýa bileleşigine girmeginiň mümkindigi barada garaýyşlaryň öňe sürülýändigi aýdylyp, munuň toslama garaýyşdygy nygtalýar.

Şeýle hem, ilçihana Türkmenistanda türkmen-rus goşa raýatlygyny göterýän raýatlara pasport bermek meselesiniň çözgütlerine bildirilýän oňyn reaksiýalaryň fonunda beýle garaýyşlaryň ýerliksizdigini belläpdir.

Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy goşa raýatlygy göterýän adamlara türkmen pasportyny bermek bilen baglanyşykly meseleleriň halkara hukuk normalarynyň esasynda çözülýändigini-de nygtapdyr.
XS
SM
MD
LG