Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mürsi protestçilere ýene wada berdi


Çarşenbe güni giçlik Müsüriň prezidenti Muhammad Mürsi telewideniýede beýanat bilen çykyş edip, Müsürdäki dowam edýän bulagaýçylyklaryň ýurdy “ysmaz ýagdaýa” getirmeginiň mümkindigini aýtdy.

Yslamçylar tarapyndan goldanylýan Muhammad Mürsi oppozision protestçilere ýene nobatdaky gezek demokratik reformalaryň dowam etdiriljekdigini wada berdi.

Prezident Mürsüni ýurdy yslamlaşdyrmakda we awtokrat syýasat ýöretmekde aýyplaýan oppozision güýçler onuň prezident saýlanmagynyň bir ýyllygyna gabatlap, 30-njy iýunda uly gerimde protest demonstrasiýalaryny gurnamaklygy planlaşdyrýarlar.

Muhammad Mürsüniň prezident saýlanaly bäri geçen bir ýyl Müsürde yslamçylar bilen reformaçylaryň arasyndaky çaknyşyklar hem-de ykdysadyýetiň pese gaçmagy bilen alamatlandy.
XS
SM
MD
LG