Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow we Bleýk gepleşik geçirdi


Çarşenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Aşgabada sapara baran Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Robert Bleýk bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikde taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary barada pikir alyşdylar.

Mundan daşary, gepleşikde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz proýekti, şeýle hem “Demirgazyk-Günorta” halkara transport koridory we Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol liniýasy bilen baglanyşykly möhüm proýektler-de üns merkezinde boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Robert Bleýkiň duşuşygyna ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi Robert Pattersonyň hem gatnaşandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG