Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda medeniýet işgärleriniň güni


Penşenbe güni Türkmenistanda medeniýet we sungat işgärleriniň güni bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli prezident G.Berdimuhamedow ýurduň medeniýet we sungat işgärlerine ýörite gutlag ýüzlenmesi bilen ýüzlendi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň bosagasynda Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi yglan edilip, ony bu ýyl ýurduň Balkan welaýatynda geçirmeklik karar edildi.

Şu Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde-de çarşenbe güni “Awaza” turistik zonasyndaky “Nebitçi” myhmanhanasynda sungat eserleriniň halkara sergisi açyldy.

Myhmanhananyň uly zalynda türkmen hudožnikleri bilen birlikde Günorta Koreýanyň, Ýaponiýanyň, Orsýetiň, Türkiýäniň, Birleşen Ştatlaryň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Ukrainanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we Eýranyň hudožnikleriniň sungat eserleri-de ýerleşdirildi.
XS
SM
MD
LG