Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Konsorsium “Nabukko West” geçirijisinden ýüz öwürýär


"Nabukko West" geçirijisiniň paýdarlarynyň duşuşygyndan bir pursat, Sofia, 13-nji ýanwar, 2013.
"Nabukko West" geçirijisiniň paýdarlarynyň duşuşygyndan bir pursat, Sofia, 13-nji ýanwar, 2013.
Awstriýanyň energiýa kompaniýasy OMV Azerbaýjanyň “Şadeňiz 2” nebit-gaz ýatagyny özleşdirýän konsorsiumyň teklip edilen "Nabukko West" geçirijisini ulanmakdan ýüz öwrendigini aýtdy.

“Nabukko West” toparynyň öňbaşçy partnýory OMV bu beýanaty çarşenbe güni ýaýradyp, konsorsiumyň firmany özleriniň Ýewropa gaz akdyrjak ugry hakyndaky karary bilen habarly edendigini aýtdy.

Bu karar konsorsiumyň Hazar deňziniň astyndan alnan we Ýewropa bazaryna çykaryljak gazy akdyrmak üçin gysgarak we arzanrak hasaplanýan “Trans-Adriatik” geçirijisini ulanmakçy bolýana meňzeýändigini görkezýär.

“Nabukko West” we “Trans-Adriatik” geçirijileri Azerbaýjanyň gazyny Ýewropa çykarmak baradaky proýektiň bary-ýogy iki gatnaşyjysy bolup durýardy.

Teklip edilýän ýollar

“Nabukko West” geçirijisi arkaly gaz türk serhedinden alnyp, Bolgariýanyň, Rumyniýanyň, Wengriýanyň üstünden Awstriýa eltilmelidi.

“Trans-Adriatik” geçirijisi bolsa, gazy türk serhedinden alyp, Gresiýanyň, Albaniýanyň we Adriatik deňziniň üstünden Italiýa eltmelidi.
Awstriýanyň OMV kompaniýasynyň başlygy Gerhard Roiss žurnalistler bilen gürleşýär, Wena, 13-nji ýanwar, 2012.
Awstriýanyň OMV kompaniýasynyň başlygy Gerhard Roiss žurnalistler bilen gürleşýär, Wena, 13-nji ýanwar, 2012.

Teklip edilen “Trans-Anatoliýa” gaz geçirijisi “Şadeňiz 2” ýatagyndan çykarylan gazy Gürjüstan-Türkiýe serehedinden Türkiýäniň günbatar serhedine getirmelidi.

Azerbaýjan gazyny Hazar kenarlaryndan Gürjüstan-Türkiýe serhedine çenli getirmekde ozaldan bar bolan geçirijileri ulanmagy planlaşdyrýar.

Azerbaýjanyň “Şadeňiz 2” ýatagyndan Ýewropa iberjek gazynyň möçberi ýakyn geljekde ýylda 20 milliard kub metrden aşjaga meňzemeýär we bu Ýewropa Bileleşigine zerur bolan ýyllyk 500 milliard kub metr çemesi gazyň ujypsyz bir bölegi bolýar.

ÝB resmileri özleriniň "Günorta koridor" energiýa ýoly baradaky planlaryny 2009-njy ýylda äşgär etdiler, bu ugur boýunça çekilmeli geçirijiler Kaspi töwereginiň gazyny Ýewropa Orsýet territoriýasyna galtaşman getirmelidi.

Orsýet Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna 150 milliard kub metrden gowrak gaz eksport edýär we ÝB-niň käbir resmileri Ýewropanyň Orsýete aşa garaşly bolmagyndan alada galýar.

"Trans-Hazara" entek umyt bar

“Şadeňiz 2” konsorsiumynyň çarşenbe güni "Nabukko West" ýolundan ýüz öwürmegi bu geçiriji proektiniň ölümini aňlatmaýar. Sebäbi Kaspi deňziniň gündogar tarapyndaky ýurtlar bolan Türkmenistan, Gazagystan we, belki-de, Özbegistan bir gün öz gazlaryny Ýewropa teklip edilýän “Trans-Hazar” geçirijisi arkaly iberer diýen umyt şindi hem bar.

Şeýle ssenariýa Kawkazyň üsti bilen Ýewropa gaz getirjek beýleki geçirijileriň hem gurulmagyny zerurlyga öwrer.

“Şadeňiz 2” ýatagyny özleşdirýän partnýorlar Britaniýaynň BP, Aserbaýjynyň SOCAR, Norwegiýanyň “Statoil”, Fransiýanyň “Total” kompaniiýalarydyr.

“Trans-Adriatik” geçirijisiniň paýdarlary bolsa, Şweýsariýanyň “Axpo”, Norwegiýanyň “Statoil”, Germaniýanyň E.ON kompaniýalarydyr.

“Nabukko West” geçirijisiniň partnýorlary bolsa OMV, Bolgariýanyň “Energy Holding”, Rumyniýanyň “Transgaz”, Wengriýanyň MOL, Türkiýäniň BOTAS kompaniýalarydyr.
XS
SM
MD
LG