Sepleriň elýeterliligi

Kottari: “Nabukko” amala aşardan ulurak boldy


"Nabukko" taslamasynyň kartasy

"Nabukko" taslamasynyň kartasy

Azerbaýjanyň “Şadeňiz” ýatagyny özleşdirýän konsorsiumyň “Nabukko West” proýektinden ýüz öwürmegi Türkmenistan bilen bagly Trans-Hazar geçirijisiniň geljegine nähili täsir ýetirer? Azatlyk Radiosy bu barada Gresiýanyň Panteion uniwersitetiniň energiýa syýasaty we ykdysadyýeti boýunça ylmy barlagçysy Maria Kottari bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Mälim bolşy ýaly, Awstriýanyň OMV kompaniýasy çarşenbe güni “Şadeňiz 2” ýatagyny özleşdirýän konsorsiumyň teklip edilen “Nabukko West” proektinden ýüz öwürýändigini aýtdy. Siziňçe, bu kararyň arkasynda ýatan anyk sebäp näme bolup biler?

Maria Kottari: Düýnki bolan zat barada aýtsak, “Şadeňiz 2” ýatagyny özleşdirýän konsorsiumyň gelen karary, dogrudanam, “Nabukkonyň” peýdasyna bolmady. Ýöne bu meniň pikirimçe, şonuň bilen bir wagtda olaryň pikiriçe hem, bu proýektiň doly soňlanýandygyny aňlatmaýar. Eýsem men bu pikirimi nähili delillendirip bilerin? Sebäbi “Şadeňizden” alynjak 10 milliard kub metr gazyň diňe 4 milliard kub metri Ýewropa akdyryljak.
Maria Kottari

Maria Kottari


Onsoň bu ýerde bu gaz ýatagynyň Ýewropa Bileleşiginiň gaz üpjünçiligini diwersifikasiýa etmek talaplaryny ödeýändigi , şeýle-de onuň Ýewropanyň Orsýetiň gaz çeşmelerine garaşlylygyny aradan aýyrjagy barada öňünden bir zat aýdardan gaty ir. Diýmek, bu Ýewropanyň öz bazaryna getirmek üçin has kän gaz ätiýaçlyklaryna mätäçdigini edýändigini aňladýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan hem Ýewropanyň bu arzuwynyň, ýagny gaz meselesinde Orsýete garaşlylygyny azaltmak maksadynyň bir bölegidi. Eýsem düýnki bolan wakadan soň, Trans-Hazar gaz geçirijisi proektiniň geljegi nähili bolar? Ýagny bu gelnen karar Trans-Hazar proýektiniň geljegine nähili täsir eder?

Maria Kottari: Aslynda men bu ýerde iki zady nygtamak isleýärin. Birinjiden, Ukraina eýýämden Türkmenistanyň gazyna bil baglap başlady, bu bolsa türkmen gazynyň Gara deňziň üsti bilen akdyrylmak mümkinçiligini orta getirip biler. Ikinjiden, “Nabukko” proýekti edil häzirki pursatda amala aşmadyk ýagdaýynda hem nabukko konsepsiýasy saklanyp galar, sebäbi Ýewropanyň gaza bolan talaby barha artýar.

Bu bolsa öz gezeginde köp oýunçylary öz içine alýan, has liberallaşdyrylan bazara zerurlygyň bardygyny görkezýär. Hut şunuň özi hem ýene bir gezek gaz alynýan bir däl-de, dürli çeşmeleriň örän zerurdygyny tassyklaýar. Şeýlelikde, az çykdaýjy we gysga wagt talap edýän proýektleriň has oňlanmagy we kabul edilmegi mümkin.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň öz gazyny Gara deňziň üsti bilen eksport etmegi barada aýdylanda, bu ýerdäki mantygyň, logikanyň gelip çykýan ýeri barada hem aýdaýsaňyz gowy bolardy?

Maria Kottari: Men bu ýerde diňe öz çen-çaklarymy öňe sürýärin, emma Ýewropanyň gaza bolan talaplarynyň barha artýan wagtynda munuň hem bir mümkinçilikdigini aýtsa bolar. Hatda "Trans-Adriatik" geçirijisi gurlaýan halatynda hem Ýewropanyň gaza bolan talabynyň ösmegi dowam eder. Eger-de Ýewropa gaz meselesinde Orsýete bolan garaşlylygyny azaltjak bolsa, ol beýleki gaz bazarlaryna, şol sanda Türkmenistana hem ýüzlenmeli bolar.

Şunlukda, Türkmenistan hem bu uly proýektiň bir oýunçysyna öwrüler. Görşümiz ýaly, häzir Ukraina Türkmenistandan ýene gaz almagy planlaşdyrýar. Diýmek, türkmen gazy georgrafiki manyda gitdigiçe Ýewropa ýakyn gelýär. Eger “Nabukko” meselesine dolanyp gelsek, bu proekt amala aşyrylardan has tutumlyrak boldy.
XS
SM
MD
LG