Sepleriň elýeterliligi

Mongoliýa: Sahiagiýn prezident saýlandy


Mongoliýada çarşenbe güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ikilenji möhlet prezidentlige saýlanan Elbegdorj Sahiagiýn penşenbe güni paýtagt Ulan-Batoryň merkezinde öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş etdi.

“Men öz ýurdumyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokary götermek ugrunda elimde baryny ederin” diýip, Mongoliýanyň ikilenji möhlet prezidentligine saýlanan Elbegdorj Sahiagiýn nygtady.

Saýlawlaryň deslapky netijesine görä, ol çarşenbe günki saýlawlarda 50 prosentden sähel gowrak sese eýe bolupdyr.

Ozalky žurnalist Elbegdorj Sahiagiýn 1990-njy ýyllaryň protest demonstrasiýalaryna ýolbaşçylyk edipdi. Şol protestleriň netijesinde-de Mongoliýada bir partiýaly Kommunistik režim dolandyryşdan gidipdi.
XS
SM
MD
LG