Sepleriň elýeterliligi

Snowden henizem Moskwada eglenýär


ABŞ-nyň razwedka gullugynyň ozalky işgäri Edward Snowden indi bäşilenji gün Moskwanyň “Şeremetewo” aeroportunda galmagyny dowam etdirýär diýlip hasaplanylýar.

Ol şu aýyň başynda Birleşen Ştatlary terk edip, bu ýurtda raýatlaryň şahsy maglumatlaryna gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan gizlin programma baradaky maglumatlary jemgyýetçilige aýan edipdi.

Edward Snowden ABŞ-daky bu gizlin programmany konstitusiýa garşy gelýän bikanun programma diýip hasaplaýar. Onuň tussag edilmegi barada ABŞ-nyň häkimiýetleriniň çykaran kararynyň yzy bilen, Edward Snowden geçen ýekşenbe güni Gon-Kongdan Moskwanyň “Şeremetewo” aeroportuna uçup bardy.

Orsýetiň döwlet telewideniýesi penşenbe güni prezident edarasynyň ýanyndaky ynsan hukuklary baradaky Geňeşiň käbir agzalarynyň Edward Snowdene Orsýetden syýasy gaçybatalga bermek teklibi bilen çykyş edendiklerini habar berdi. Waşington onuň Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilmegine aýak direýär.
XS
SM
MD
LG