Sepleriň elýeterliligi

Minsk: RFE/RL-niň habarçysyny polisiýa saklady


Penşenbe güni Belarusyň paýtagty Minskde telekeçiler tarapyndan gurnalan demonstrasiýa wagtynda Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň habarçysy Igor Karneý polisiýa tarapyndan wagtlaýyn tussag astyna alynyp, soňra boşadyldy.

Ol penşenbe güni demonstrasiýa barada reportaž taýýarlaýan wagty özüniň Belarusyň “Perspektiwa” atly jemgyýetçilik birleşiginiň başlygy Anatoliý Şumçanka we ýene birnäçe adam bilen bilelikde tussag edilendigini aýtdy. Birneme soňra A.Şumçankadan beýlekiler goýberilipdir.

Belarusly telekeçiler Belarusyň Orsýet we Gazagystan bilen bilelikde döredilen Gümrük Bileleşiginden çykmagyny talap edýärler. Telekeçiler bu Gümrük Bileleşiginiň düzgünleriniň biznes toparlary bilen maslahatlaşylmandygyny we bu düzgünleriň öz bähbitlerine garşy gelýändigini aýdýarlar.

Orsýetiň, Gazagystanyň we Belarusyň söwda gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmekligi göz öňünde tutýan Gümrük Bileleşigi 2010-njy ýylda döredilipdi.
XS
SM
MD
LG