Sepleriň elýeterliligi

Türkmen döwleti: Abraý ýa-da biabraýlyk nämede?


Prezident köşgi. Aşgabat, 16-njy 2011 ý.

Prezident köşgi. Aşgabat, 16-njy 2011 ý.

Türkmenistan 1991-nji ýyldan bäri garaşsyz döwlet, bu taryh üçin uly möhlet däl. Emma Aşgabat ýa-da döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty Türkmenistanyň dünýä abraýynyň ýyl-ýyldan ýokarlanýadygyny gaýtalaýar.

Ýöne munuň bilen ylalaşmaýanlar hem bar. Mysal üçin, türkmen hökümetiniň tankytçylary Türkmenistanda dowam edýän şahsyýet kultunyň türkmen döwletliliginiň abraýyna däldigini öňe sürýärler.

Şonuň bilen birlikde, türkmen döwletiniň abraýyny ýurt içinde dürli ýyllarda korrupsiýada aýyplanan resmiler gaçyrsa, daşary ýurtlarda her hili bikanun işlere baş goşýan türkmen raýatlary ýere salýar diýen pikir hem bar.

Eýsem türkmen döwletiniň abraýy ýa-da biabraýlygy nämede?

Azatlyk Radiosynyň bu meselä bagyşlan “Tegelek stol” söhbetdeşligine Türkmenistandan publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, Şwesiýadan öňki türkmen deputaty Halmyrat Söýünow, Türkiýeden migrant işçi Rozybaý Jumamyradow gatnaşdy.

Söhbetdeşligi diňläp, aýtjak-diýjek zadyňyz bolsa, bellenen ýerde teswir galdyryp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG