Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Partlamalarda 16 adam öldi


Yrakda aýry-aýrylykda amala aşyrylan bomba partlamalarynda azyndan 16 adam öldi we başga-da onlarçasy ýaralandy. Amala aşyrylan bu bomba partlamasynda Bagdatdaky käbir kafeleriň içi we daş-töweregi nyşana alnypdyr.

Maglumatlara görä, bomba partlamasy penşenbe güni agşam telewizorda futbol ýaryşyna tomaşa etmek üçin ençeme ýaşlaryň kafelere üýşen mahaly amala aşyrylypdyr.

Bu bomba partlamalary Bagdadyň demirgazygyndaky we günortasyndaky kafelerde, şeýle-de paýtagtyň günorta etraplarynda amala aşyrylypdyr.

The Associated Press habar gullugy partlamada 16 adamyň ölendigini habar berýär. Emma "Reuter"s habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, bu bomba partlamasynda 22 adam ölüpdir.

Bu hüjümler Yrakda şaýy köplügi bilen sünni azlygynyň arasyndaky mezhepara duşmançylyklar bilen ilteşikli amala aşyrylýar. Bu hüjümleriň netijesinde şu ýyl müňlerçe adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG