Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Sarnaýewe aýyplama bildirildi


ABŞ-nyň federal žurisi Boston partlamarynda güman edilýän Johar Sarnaýewe resmi taýdan aýyplama bildirdi.

Penşenbe güni federal žuri Sarnaýewi 30 madda, şol sanda köpçülikleýin ýitgilere sebäp bolýan ýaraglary ulanmak boýunça aýyplama bildirdi.

15-nji aprelde ABŞ-nyň Boston şäherinde aýry-aýrylykda amala aşyrylan iki partlamada üç adam ölüp, 260-dan gowragy hem ýaralanypdy.

Boston partlamalaryndan dört gün soň ABŞ-nyň resmileri Sarnaýewleri ele salmaga synanyşanlarynda, Joharyň dogany Tamerlan atylyp öldürilipdi. Şol çaknyşykda Johar ýaralanyp, resmiler tarapyndan tutulypdy.

Şeýle-de Sarnaýewler polisiýa ofiserini öldürmekde hem aýyplandylar. 19 ýaşly Johar Sarnaýew 17 madda boýunça günäli tapylsa, onda onuň ölüm jezasyna ýa-da ömrüniň soňuna çenli türme tussaglygyna höküm edilmegi ähtimal.
XS
SM
MD
LG