Sepleriň elýeterliligi

HRW Horwatiýa çagyryş etdi


Human Rights Watch guramasy Horwatiýanyň resmilerine ýurtda akyl taýdan yzagalan çagalara garşy edilýän zorluklaryň öňüni almaga we migrantlara hem-de bosgunlara has gowy gorag şertlerini döretmäge çagyryş etdi.

Human Rights Watch guramasynyň bu çagyryşy Horwatiýanyň Ýewropa Bileleşigine agza bolamagyndan üç gün öň amala aşyryldy.

Human Rights Watch guramasynyň Horwatiýanyň premýer-ministri Zoran Milanowiçe ugradan açyk hatynda, Horwatiýanyň adam hukuklarynyň Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna ýetmegi üçin “entek köp işleriň edilmelidigini” aýdylýar.

Agzalýan gurama Horwatiýanyň edaralarynda agyr şertlerde saklanýan 9000-den gowrak akyl taýdan şikesli adamy hasaba aldy.

Şeýle-de gurama, Horwatiýanyň resmilerine ýurduň gaçybatalga berýän merkezleriniň öňündäki üýşmeleňleri, eýesiz migrant çagalaryň idegsizligini we etniki serblere hem-de syganlara garşy dowam edýän diskriminasiýalary çözmäge çagyryş etdi.

1-nji iýulda Horwatiýa Ýewropa Bileleşiginiň 28-nji agza ýurdy bolar.
XS
SM
MD
LG