Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klintona 'Azatlyk' medaly berler


ABŞ-nyň öňki Döwlet sekretary Hillari Klinton şu ýylyň 'Azatlyk' medalynyň eýesi bolar. 'Azatlyk' medaly Hillari Klintona 10-njy sentýabrda Filadelfiýanyň Milli Konstitusiýa merkezinde geçiriljek dabarada gowşurylar.

Milli Konstitusiýa merkeziniň penşenbe güni ýaýradan beýanatynda, Hillari Klintona bu medalyň “öz döwrüniň dowamynda jemgyýetçilik edarasynda alyp baran işleri we häzirki döwürde tutuş dünýädäki aýal-gyzlary goramak ugrunda edýän tagallary üçin” beriljekdigi aýdylýar.

'Azatlyk' medaly 1988-nji ýylda dikeldilipdi. Milli Konstitusiýa merkezi agzalýan medaly her ýyl azatlyk, demokratiýa we deňlik ugrunda goşmaça işler alyp baran bir zenana hem-de erkek adama gowşurýar.

Mundan ozal bu medala eýe bolanlaryň arasynda Hillari Klintonyň adamsy, ABŞ-nyň öňki prezidenti Bill Klinton, Günorta Afrikanyň öňki prezidenti Nelson Mandela we rok aýdymçysy we hukuk goraýjy aktiwist Bono dagylar bardy.
XS
SM
MD
LG