Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan: Aktiwist tussag edildi


Azerbaýjanyň günortasyndaky Lankaran etrabynyň resmileri oppozision “Musawat” ("Deňlik") partiýasynyň lideriniň maslahatçysyny tussag etdiler.

“Musawat” partiýasynyň Massali şäherindäki bölüminiň başlygy Hasaý Safaraogly anna güni Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, penşenbe güni polisiýanyň Ýadigar Sadykowyň öýüne barandygyny we ony polisiýa edarasyna alyp gidendigini aýtdy.

Sadykow Massali şäherindäki bir adama hüjüm etmekde hem-de ony ýençmekde aýyplanýar. Häzirki wagtda Sadykow tussaglykda saklanýar.

Anna güni Azerbaýjanyň içeri işler ministriniň metbugat wekili Orhan Mansurzade Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, Sadykowyň tussag edilmeginiň onuň alyp barýan syýasy işleri bilen ilteşigniň ýokdygyny aýdyp, Azatlyk Radiosyndan bu işi “syýasylaşdyrmazlygy” sorady. Ol Sadykowyň tussag edilmegini “huligançylyk” diýip atlandyrdy.

“Musawat” Azerbaýjanyň iň gadymy syýasy partiýalarynyň biridir. Bu partiýa 1993-nji ýyldan bäri häkimiýetde bolan “Täze Azerbaýjan” partiýasyna oppazisiýada dur
XS
SM
MD
LG