Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Senat Migrasiýa taslamasyna seretdi


ABŞ-nyň Senaty giň göwrümli migrasiýa reformalaryny öz içine alýan kanun taslamasyny kabul etdi. Bu kanun taslamasy kanun görnüşinde kabul edilse, häzirki wagtda ABŞ-da bikanun ýaşaýan millionlarça migrantlara Amerikanyň raýatlygyny almaga mümkinçilik döreder.

Penşenbe güni geçirlen ses berlişigiň netijesinde kanun taslamasyny 68 adam goldady we 32-si hem oňa garşy çykyş etdi. Bu kanun taslamasyny goldap çykyş eden senatorlaryň 52-si Demokratik partiýadandy, 14-si Respublikan partiýandandy we ikisi hem garaşsyz senatordy.

Muňa garamazdan, ABŞ-nyň Kongresiniň aşaky öýüne kontrollyk edýän Respublikanlar kanun taslamasyny goldamaýandyklaryny aýdýarlar. Netijede, agzalýan kanun taslamasynyň soňky ykbaly heniz näbellidigine galýar.

Senatyň bu kanun taslamasy häzirki wagtda 13 ýyldan bäri Birleşen Ştatlarda bikanun ýaşaýan 11 million töweregi migranta Amerikanyň raýatlygyny hödürleýär.
XS
SM
MD
LG