Sepleriň elýeterliligi

Boston partlamalary: Güman edilýäne günä bildirildi


Johar Sarnaýew

Johar Sarnaýew

Birleşen Ştatlaryň uly žýurisi Boston marafonyndaky partlamalarda güman edilýän Johar Sarnaýewe resmi günä bildirdi.

Federal žýuri penşenbe güni Johar Sarnaýewe kanunyň 30 maddasy, şol sanda adam ölümine getiren köpçülikleýin gargyn ýaragyny ulanmak boýunça günä bildirdi.

15-nji aprelde Boston marofonynyň ahyrky pellesinde partladylan goşa bomba üç adamy öldürip, 260-dan gowrak adamy ýaradar edipdi.

Bu aýyplama uniwersitetiň polisiýa ofiseriniň atylyp öldürilmegi, gaçyp sypmak synanyşygy mahalynda başga biriniň ulagynyň ogurlanmagy, şonuň ýaly-da polisiýa bilen bolan atyşyk boýunça bildirilen günäleri öz içine alýar. Mälim bolşy ýaly, polisiýa bilen atyşyk Johar Sarnaýewiň uly dogany Tamerlanyň ölümine sebäp bolupdy.

Ölüm jezasynyň ähtimallygy

Federal prokurorlar Johar Sarnaýewe bildirilen aýyplamalaryň 17-siniň ölüm jezasyny hem öz içine alýandygyny aýdýarlar.

Aýyplamada doganlaryň yslam ekstremizmi esasynda hereket edendikleri we ekstremistik materiallary internet arkaly ele geçirendikleri tassyklanýar.

Bu iki dogan Birleşen Ştatlara on ýyl ozal, Orsýetiň Çeçenistan respublikasyndan gelipdir. 19 ýaşyndaky Johar Sarnaýew Birleşen Ştatlaryň raýaty bolan, emma Tamerlan amerikan raýatlygyny hiç wagt almandyr.

Johar Sarnaýew 19-njy aprelde ele salnaly bäri Bostonyň golaýyndaky türme hassahanasynda saklanýar. Onuň sud öňünde aýyplamaalara jogap bermegi 10-njy iýula planlaşdyryldy.

Birleşen Ştatlaryň prokurory Karmen Ortiz bu aýyplamany Bostonda yglan etdi:

"Bu aýyplama Johar Sarnaýewiň Kristl Mari Kambeliň, Liňzi Luyň, Martin Riçardyň, ofiser Şon Kolliýeriň ölümine, beýleki onlarça adamyň maýyp bolmagyna, ýanmagyna we ýaralanmagyna jogapkärdigini tassyklaýar."

Ene ogullaryny bigünä hasaplaýar

Sarnaýewiň käbir garyndaşlary özleriniň Johar Sarnaýew bigünä hasaplaýandyklaryny aýtdylar. Onuň ejesi öz ogluna we onuň agasyna bildirilýän aýyplamalaryň ýalandygyny öňe sürdi.
Zubeidat Sarnaýewa, Tamerlan bilen Joharyň ejesi.

Zubeidat Sarnaýewa, Tamerlan bilen Joharyň ejesi.


Aýyplamada Johar Sarnaýewiň “Al-Kaýda” tarapyndan iňlis dilinde çap edilýän “Inspire” (Hyjuwlandyr) žurnalynyň 2010-njy ýyldaky sanyny öz kompýuterine indirendigi aýdylýar.

Žurnalyň bu sanynda bug pitisinden bomba ýasamagyň, feýerwerklerden partlaýjy däri almagyň we şrapnel ýasamagyň usullary düşündirilipdir.

Şeýle-de aýyplamada Johar Sarnaýewiň internetden ekstremistik edebiýatlary, şol sanda “Musulman topraklarynyň goragy, Ymamdan soňky ilkinji borç” atly gollanmany indirip alandygy, bu gollanmada yslamyň duşmanydyr öýdülýänleri dowla salmak üçin zorlugyň wagyz edilýändigi aýdylýar.

Gämide galan ýazgylar

Aýyplamada aýdylmagyna görä, Johar Sarnaýew öz gizlenen gämisiniň içinde şeýle ýazgylary galdyrypdyr: "Birleşen Ştatlaryň hökümeti biziň asuda adamlarymyzy öldürýär." " Men munuň ýaly ýamanlygyň jezasyz galmagyna seredip durup bilmeýärin." "Biz musulmanlar bir göwre, sen biziň birimizi ynjatsaň, barymyzy ynjydýaň."

Orsýetiň howpsuzlyk gulluklary 2011-nji ýylda amerikan kärdeşlerine Tamerlan Sarnaýewiň yslam bilen baglylykda radikallaşma ähtimallygy baradaky aladalaryny mälim etdiler.

Orsýetiň duýduryşyndan soň Federal derňew býurosy Tamerlan Sarnaýewiň garşysyna başlangyç derňew işini açdy. Ýöne bu derňew Massaçusetsde onuň bilen geçirilen söhbetdeşlikden we yzygider edilen gözegçiliklen soň ýapyldy.

Sarnaýew 2012-nji ýylda Çeçenistanyň golaýyndaky Dagystana, Orsýetiň Demirgazak Kawkaz sebitine sapar etdi.
XS
SM
MD
LG