Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Lennan: “Aşgabat ýüklere tutumlary artdyrypdyr”


Aşgabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky aeroportynyň girelgesi.

Aşgabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky aeroportynyň girelgesi.

Şu hepde düýbi Britaniýada ýerleşýän “The Loadstar” logistika internet saýty Türkmenistana eltilýän ýükler üçin daşary ýurt howa kompaniýalaryndan tutulýan tutumlaryň möçberiniň ur-tut ýokarlanandygy barada maglumat çap etdi. Azatlyk Radiosy şu mesele bilen gyzyklanyp, bu makalanyň awtory, britaniýaly žurnalist, “Cargo Facts” žurnalynyň Ýewropa boýunça redaktory Aleks Lennan bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Hanym Lennan, siz öz makalaňyzda daşary ýurt ýük uçarlarynyň Türkmenistana eltýän ýükleri üçin salynýan salgytlaryň artdyrylandygyny belleýärsiňiz. Sizde şu barada nähili maglumatlar bar?

Aleks Lennan: Ýakynda Türkmenistanyň graždan awiasiýa boýunça häkimiýetleri Aşgabada ýük eltmek isleýän ýük uçarlary üçin salgytlary örän ýokary derejede ýokarlandyrypdyrlar. Hut şoňa görä-de, indi bu ýük daşaýan uçarlar Aşgabada ýük eltip hem bilmeýärler.

Ýöne beýle salgytlar ýolagçy gatnadýan uçarlara salynmandyr, bu diňe ýük daşaýan uçarlara degişli. Indi bu ýük daşaýan howa kompaniýalary öz ýüklerini başga bir ýurda eltip, ýüklerini şol ýerden ýük maşynlary arkaly Türkmenistana eltmekligi göz öňünde tutýarlar.

Azatlyk Radiosy: Olara salynýan salgytlar näçe prosent artdyrylypdyr, şu barada sizde maglumat barmy?

Ol kompaniýalar öz atlarynyň aýdylmagyny islemeýärler
Aleks Lennan: Bu mesele eltilýän ýüküň görnüşine bagly bolýar. Ol iň pesinden 66 prosent galdyrylyp, iň köpünden bolsa 316 prosent galdyrylypdyr. Özi-de bu çäre şu iýun aýynyň başynda başlanypdyr we mende bar bolan maglumata görä, bu barada howa kompaniýalaryna öňünden duýduryş hem berilmändir. Howa kompaniýalary özleri üçin munuň garaşylmadyk bir waka bolandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy: Haýsy howa kompaniýalary şeýle salgytlar bilen ýüzbe-ýüz bolupdyrlar, şol kompaniýalaryň adyny aýdyp bilermisiňiz?

Aleks Lennan: Ýok, ol kompaniýalar öz atlarynyň aýdylmagyny islemeýärler.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin bu kompaniýalar öz atlarynyň tutulmagyny islemeýärler?

Aleks Lennan: Meniň pikirimçe, olar ýagdaýyň has kynlaşmagyny islemeýän bolmaly. Olar ýagdaýyň ýaramazlaşmagyny islemeýärler. Meniň pikirimçe, olar şikaýat etseler öz ýagdaýlary has-da kynlaşar diýip pikir edýän bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň häkimiýetleri bu howa kompaniýalarynyň ýüklerine salynýan salgytlaryň artdyrylmagynyň sebäbini düşündiripdirlermi?

Aleks Lennan: Ýok, düşündirmändirler. Diňe çaklamaklar bar, ýagny bu salgytlaryň ýokarlandyrylmagynyň Aşgabadyň aeroportunyň ýa-da Türkmenistanyň graždan awiasiýa gullugynyň öz fondlaryny artdyrmaklary üçin bar bolan zerurlyklar bilen baglanyşykly bolmagy mümkin. Men bu barada Türkmenistandan jogap almaga çalyşdym, ýöne henize çenli jogap almak başartmady.

Azatlyk Radiosy: Hanym Lennan, siz öz makalaňyzda Türk howa ýollar kompaniýasynyň, “FlyDubai” we “Luftanza” howa ýollar kompaniýalarynyň eltýän ýüklerine Aşgabatda beýle salgytlaryň salynmaýandygyny aýdýarsyňyz. Bu näme bilen baglanyşykly bolup biler?

Aleks Lennan: Meniň pikirimçe, bu mesele Türkmenistanyň bu ýurtlar bilen baglaşan özara ylalaşyklaryna bagly. Häzirki ýagdaýda ikitaraplaýyn ylalaşyklara degişli bolmadyk ýurtlaryň ýük uçarlary goşmaça salgytlara sezewar edilýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG